Makron Ýewropa ýaranlaryna ýadro saýawanyny giňeltmegi teklip edýär
Fransuz prezidenti Emmanuel Makron Russiýanyň Ýewropa üçin abanýan howpuna üns bermezligiň “dälilik” boljakdygyny aýdyp, Fransiýanyň ýadro güýjüni Parižiň kontinentdäki ýaranlaryna giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga açykdygyny belledi.
Onuň 5-nji martda milli telewideniýede eden bu çykyşy, Waşingtonyň NATO we Ýewropanyň howpsuzlyk meselelerine ygrarlylygy ýa-da däldigi bilen bagly aladalaryň arasynda, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň harby býujetleri artdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Brýusselde gyssagly sammit geçirmeginiň öňüsyrasynda boldy.
Makron şu güne çenli eden iň güýçli çykyşlarynyň birinde “biziň ýadro güýjümiz bizi goraýar: Bu doly, özygtyýarly, we bütinleý fransuz” diýdi.
“Emma, Germaniýanyň geljekki kansleriniň [Fridrih Merz] taryhy çagyryşyna jogap edip, ýadro güýjümiz arkaly Ýewropa kontinentindäki ýaranlarymyzy goramak boýunça strategiki debat açmak kararyna geldim” diýip, fransuz prezidenti belledi.