ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24
25
26
27
28

Özbegistanda Ikinji jahan urşuna gatnaşanlara $10 müň pul sylagy berler

0
Bu ýyl Ikinji jahan urşuna gatnaşanlaryň we uruşda maýyp bolanlaryň hersine 10 müň dollar, söweşe gatnaşan bilen deň görülýän her bir adama - 25 million sum (1930 dollar) we zähmet frontuna gatnaşanlaryň her birine  3 million sum (230 dollar) tölener.


Bu habar Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 9-njy maý - Hatyra we Hormat güni hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli weteranlary sylaglamak barada çykaran kararyna esaslanýar.


Geçen ýyl Özbegistanda Ikinji jahan urşuna gatnaşanlaryň we uruşda maýyp bolanlaryň hemmesi bir gezeklik 20 million sum (Merkezi Bankyň şol wagt kesgitlän hümmetinde takmynan 1,575 dollar) pul sylagyny aldy.


2024-nji ýylyň maý aýynda Özbegistanda Ikinji jahan urşuna gatnaşan we zähmet frontunda işlän adamlaryň bary-ýogy 112 sanysynyň galandygy habar berildi.