Balkanda mallar derman we lukman ýetmezçiliginden gyrylýar
Günbatar welaýatynyň maldarlary häzirki gyş paslynyň örän agyr geçýändigini aýdýarlar. Gyşyň aýagyna golaýlamagyna garamazdan, sowuk howa saklanýarka çopanlar mallara iýim we derman tapmak aladasyny başdan geçirýär.
"Şu ýyl maldarçylyk, dowarçylyk hojalyklary üçin agyr ýyl boldy. Gyşa taýýarlygymyz pes bolup çykdy. Weterinar hyzmatlary elýeterli däl, mallar üçin dermanlar tapdyrmaýar" diýip, balkanly çopan 19-njy fewralda gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan mardarlaryň sözlerine görä, mallar arryklap, keselleýär we gyrylýar, owlak-guzy az bolýar.
"Şu ýyl gyş örän sowuk gelmese-de goýun-geçiler açlykdan hor, arryk bolup, tas üçden iki ene goýun guzularyny dogup bilmän, guzylar 2 aýdan soň göwresinden öli çykýar. Biz şu ýyl diňe 30 göterim töweregi owlak-guzy almagy başardyk" diýip, balkanly ýene bir maldar aýdýar.
Balkan welaýatynyň birnäçe etrabyna degişli maldarçylyk hojalyklarda goýunlar üçin ýiti iým ýetmezçiligi saklanýar.
Maldarlar öri meýdanlarynda ot-çöpüň ýokdugyny aýdyp, muny geçen tomus aýlarynyň örän gurak bolmagy bilen düşündirýärler we bu ýagdaýda döwlet tarapyndan berilmeli iýme garaşly bolýandygyny belleýärler.
"Gyş sowuk gelmedi, ýöne geçen ýyl tomus we güýz aýlary aşa gurak boldy. Netijede gyşa ätiýaç ot-iýimi ýeterlik ýygnap bilmedik. Etrap merkezinden demirgazykda 25 kilometr uzaklykda gyşlaýan göçme goşumyza häkimlikden dört teležka bugdaý saman getirdip berdiler we 'galan günüňi özüň göräý' diýdiler" diýip, çopan aýdýar.
Balkanly maldarlar özleriniň tutuş ýyllap agyr zähmet çekýändigine garamazdan, girdejisiniň tas ýokdugyny, käwagt girdejisiz galýandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, maldarçylaryň döwletiň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmegi talap edýän häkimiýetler şertnamalarda göz öňünde tutulan maddy goldawy üpjün edilmeýär.
"Men özüm maşgalam bilen tutuş ýylyň dowamynda goýunlaryň ýanynda gumda bolýaryn. Meniň özümde ot-iým ätiýajyny ýygnamaga wagtym ýok. 2 müňe golaý goýun-geçiniň yzynda bolup, boş wagtymyz bolmaýar. Indi 5 ýyl bäri döwlet tarapyndan berilmeli gyş aýlary üçin bugdaý kepegi, künjara, mekgejöwen iýmleri berilmeýär" diýip, çopan gürrüň berdi.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýene bir balkanly çopanyň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler çopanlaryň şikaýatlaryny diňlemeýär we meseläni çözmeýär.
"Başlyklara aýtsak, 10 goýuny sat-da şonuň puluna ot satyn al diýýärler. Emma goýunlar hor, bazarda 200 manada hem satyn almaýarlar. 10 goýnuň puluna dowar üçin üç günlük ot-iýim satyn alyp bolmaýar" diýip, çopan aýdýar.
Çopanlaryň sözlerine görä, ýerli häkimiýet wekilleriniň 'çözgüt' hökmünde çopanlara teklip edýän bu usuly bikanun bolýar, sebäbi çopanlar sürülerindäki maly satmak üçin resmi kagyzlaryň ençemesini ýygnamaly, şol sanda weterinariýa barlagyndan geçirmeli we söwda, salgyt edaralaryndan rugsat almaly.
"Rugsatlary bolmazdan, ýekeje goýun-geçini satmaga çopanlara rugsat berilmeýär. Hatda öli doglan owlak-guzular üçin weterinar çagyryp, protokol düzmek hökmany, bolmasa çopanlary gözenekden seretdirýärler" diýip çopan belledi.
Maldarlaryň käbiri geçmişde bergili galan ýyllarynyň hem bolandygyny aýdyp, munuň ýene-de gaýtalanmagyndan howatyrlanýandygyny aýtdylar.
"Biz näme etmeli ýylyň ýylyna boýnumuz bergili. Döwlet we häkimlik ot-iým bilen gumdaky çopanlary doly üpjün etdik diýip, telewideniýede habar berýärler we mundan birnäçe ýyl ozalky sahnalaşdyrylan wideolary görkezýärler. Şeýdip, prezidenti we halky aldaýarlar" diýip, çopan hakykatda şu günler gyşky goşlarda dowarlar üçin iýmäge saman çöpüniň hem ýokdugyny gürrüň berdi.
Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda mallaryň açlykdan we keselçilikden köpçülikleýin gyrylmagyna degişli ýagdaýlar barada soňky birnäçe ýyl bäri yzly-yzyna habar berip gelýärler. Bu aralykda bazarlarda etiň bahasy hem yzygiderli ýokarlanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.