Çoganlynyň, Şoruň we Garadamagyň köçelerini ýagyn suwlary basdy
Aşgabat şäherinde soňky birnäçe günüň dowamynda ýagan ýagyşlaryň yz ýany, Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly, Şor we Garadamak ýaşaýyş toplumlarynyň köçelerini ýagyn suwlary basdy.
Muňa häkimiýetleriň bu toplumlara ýagyn suwlaryny geçiriji ýerasty turbalaryny heniz-de çekmezligi sebäp bolýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
“Köçeleriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli ýer ýagyn suwlaryndan doly. Ýere has ýakyn, ýagny pes gurlan jaýlaryň käbirleriniň birinji gatyny hem suw basdy” diýip, Çoganlynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Redaksiýamyza gelip gowşan suratlarda sebitiň köçelerini, käbir jaýlaryň, binalaryň girelgeleriniň öňlerini ýagyn suwlarynyň basandygyny görse bolýar.
Munuň bilen bir wagtda, ýaşaýjylaryň köçelerde pyýada ýöremegi hem kynlaşdy.
Olar ýagyndan soň, rezin ädiklerini el sumkalaryna salyp, ýanlary bilen götermeli bolýarlar.
“Ýaşaýjylar ýagyn suwlary basan köçelerden geçýänçä rezin ädik geýýärler. Soňra olar uly ýola çykandan soň, ädiklerini sumklaryna salyp, şäheriň merkezine ýa-da beýleki böleklerine köwüşli barýarlar” diýip, Garadamagyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýagyn suw geçiriji turbalar ýok
Ýerli ýaşaýjylaryň onlarçasynyň tassyklamagyna görä, bir-birine duldegşir ýerleşýän ýaşaýyş toplumlarynda bu ýagdaýlar ýylyň-ýylyna gaýtalanýar.
Muňa häkimiýetleriň müňlerçe hojalygyň ýaşaýan sebiti bolan bu toplumlara ýagyn suwlaryny geçiriji ýerasty turbalaryny onýyllyklaryň dowamynda çekmezligi sebäp bolýar.
“Peslikde ýerleşýän bu sebitde ýagyn suwlaryny geçiriji ýerasty turbalarynyň çekilmegi iň esasy zerurlykdyr. Döwlet ýolbaşçylary aglabasy boş durýan desgalaryň, binalaryň gurluşygyna millionlarça dollar harçlaýar. Ýöne müňlerçe hojalygyň ýaşaýan bu sebitiň iň esasy infrastruktura zerurlyklarynyň birini ýyllarboýy ýerine ýetirmeýär” diýip, Çoganlynyň ýene bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabat şäher we Bagtyýarlyk etrap häkimliklerinden teswir almaga synanyşdy.
Ýöne redaksiýamyzyň yzygiderli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Millionlarça dollarlyk gurluşyklar
Türkmenistanda häkimiýetler ýurduň dürli künjeginde, hususan-da, paýtagtda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna her ýyl millionlarça dollar serişde harçlaýar.
Şeýle-de, häkimiýetler gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýan täze Arkadag şäherine 5 milliard dollar sarp edýär.
Şol bir wagtda, ýurduň käbir sebitleriniň ýaşaýjylary gyş aýlarynda ýagyş suwlarynyň şäher, etrap we oba infrastrukturasyna agram salmagy, köçeleri ýagyn suwlarynyň basmagy bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.
Raýatlar muňa ýagyn suwlaryny geçiriji ýerasty turbalarynyň çekilmezliginiň ýa-da kadaly işlemezliginiň sebäp bolýandygyny aýdyp gelýärler.
Türkmenistanyň tas ähli sebitlerinde sowet döwründen galan infrastruktura desgalaryndan, şol sanda agyz we lagym suwlaryny geçiriji turbalardan peýdalanylýar.
Habarçylarymyz ýurtda agyz we lagym suwlaryny geçiriji turbalaryň hatardan çykmagy we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada ýygy-ýygydan maglumat berýärler.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.