Daşary ýurtlara gitmäge "ýardam bermegi hödürleýän" hilegärleriň pidasy bolýan adamlar köpelýär
Türkmenistanda raýatlara daşary ýurtlara gitmäge we ol ýerde işe ýerleşmäge ýardam berjekdigini wada berip, olaryň puluny alýan we soňra ýitirim bolýan hilegärleriň pidasy bolýan adamlar göz-görtele köpelýär.
Bu waka, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, gazanç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlaryň köp bolmagynda galýan mahalyna gabat gelýär.
Aldawa düşen raýatlaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, bu adamlar sosial ulgamlarda, IMO messenjerinde dürli sahypalary açyp, özlerini mahabat edýärler.
“Olar esasan Ýewropa ýurtlaryna gitmäge kömek etmegi wada berýärler. Men IMO-da rekruting hyzmatlaryny türkmen dilinde reklama edýän ýedä golaý adam bilen habarlaşdym. Germaniýada gowy aýlyk bar diýilýärdi, şonuň üçin ol ýere gitmäge ýardam edip biljek adama islendik mukdardaky puly bermäge razy boldum. Olar ähli dokumentlerimi taýýarlamak üçin menden 2000 dollar soradylar. Men 15% artygy bilen gaýdyp bermek wadasy esasynda karz aldym. Hilegäre puly geçirdim. Ondan soň ol ýitip gitdi” diýip, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Guwanç gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, özüni “rekruter”, ýagny “işe alýan” diýip tanadýan adam oňa pasportynyň kopiýasyny we puly alandygy hakynda dilhatyny galdyrypdyr.
Polisiýa: Daşary ýurda gidip näme etjek?
“Men degişli ylalaşygy notariusyň üsti bilen kanunlaşdyraly diýenimde, ol razylaşmady. Ol maňa: “Eger biz şeýle usul bilen kanunlaşdyrmagy niýet edinsek, salgyt gullugy bizi suda berer” diýip aýtdy. Men oňa ynandym we şeýdip pulumy ýitirdim” diýip, Guwanç belledi.
Bu adamlaryň pidasy bolan we 1500 dollar puluny aldyran Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy elinde bar bolan subutnamalar bilen ýerli polisiýa bölümine ýüz tutandygyny gürrüň berdi.
“Polisiýa maňa: “Daşary ýurda gidip näme etjek? Şu günüňe şükür edip, telpegiňi göge zyňyp ýöräberseň bolanokmy? Siziň ýaly aldawa düşenleriň sany gaty kän, ötä git bu ýerden, senden başga işimiz kän” diýip, arzamy hem diňlemedi. Men näme etjegimi bilemok” diýip, daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk raýatlaryň puluny alyp, soňra ýitirim bolýan ýa-da olaryň hatlaryna jogap bermeýän adamlaryň birnäçesi bilen habarlaşmaga synanyşdy.
Sahypa dessine öçürildi
Redaksiýa IMO-da 2600-a golaý agzasy bolan sahypada Guwanjyň ýüz tutan “rekruterine” bolýan ýagdaýlar barada soranda, ol jogap bermekden saklandy we özüniň sahypasyny dessine öçürdi.
Azatlyk teswir alyp bilmändigi sebäpli bu sahypalary ilat köpçüligine mälim etmekden saklanýar.
Bellesek, agzalýan sahypalarda olaryň hödürleýändigi aýdylýan hyzmat barada gowy teswirleri galdyran adamlar hem bardy.
Ýöne puluny aldyran raýatlar bu teswirleri galdyrýan "adamlaryň hilegärler bilen hyzmatdaşlyk edýändigine" ynanýarlar.
Kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerimiziň birnäçesi bu adamlaryň türkmen raýatlarydygyny, olaryň aglabasynyň Russiýada, Türkiýede, Gürjüstanda, Ýewropada we BAE-de ýaşaýandygyny aýdýar.
Kanun goraýjy edaralarda "arka"
“Olar aldanan adamlardan galp hyzmatlary üçin degişli töleglerini ýurt içindäki araçylaryň kömegi bilen alýarlar. Işe ýerleşdirmekde kömek etjekdiklerini wada berip, puly almazdan öň, iş isleýjilerden pasport kopiýalaryny we beýleki resminamalary ýygnap, olary fotoşop arkaly galplaşdyrýarlar. Olar öz berýän resminamalaryny hem gaplaşdyrýarlar. Bu adamlaryň we olaryň araçylarynyň kanun goraýjy edaralarda arkasynyň bolmagy gaty ähtimal” diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýurduň Içeri işler ministrligi, Lebabyň we Daşoguzyň Polisiýa müdirlikleri bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne 20-nji fewralda redaksiýamyzyň ministrligiň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine yzygiderli eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we durmuş gymmatçylygynyň arasynda, gazanç üçin daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlaryň sany köp bolmagynda galýar.
Ýöne daşary ýurt wizalaryny almakdaky kynçylyklar köp adamy "hilegärleriň galp hyzmatlaryndan" peýdalanmaga iterýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda daşary ýurda gitmek isleýän raýatlaryň hilegärleriň duzagyna düşmegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy ilatyň jübüsine ýiti täsir ýetirýän bu ýagdaýlar barada, adatça bolşy ýaly, maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.