ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28

Süleýman Tursunbaýewiň ölüm tragediýasyndan dört ýyl geçdi, ölümiň resmi sebäbi mälim edilmedi

0
Ýetginjek Süleýman Tursunbaýewiň ölümi dört ýyl ozal Türkmenistanyň içinde we daşynda jemgyýeti sarsdyrypdy. Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda tälim alan 14 ýaşly dzýudoçy 2021-nji ýylyň fewral aýynyň başlarynda dzýudo ýaryşynda ýeňiş gazandan soň urlup, öldi. Azatlyk Radiosynyň synçysy üstünlikli ýaş pälwanyň ykbalynyň ýurduň sport pudagyndaky eden-etdiligi açyp görkezýändigini aýdýar.


Dört ýyl mundan ozal gümürtik ýagdaýda heläk bolan Süleýman Tursunbaýewiň ölümi bu günki günde-de türkmen sportundaky "sporta mahsus däl eden-etdilige, ýigrenje we çydamsyzlyga" ünsi çekýär diýip, Azatlygyň synçysy belleýär. Redaksiýa türkmenistanly synçynyň adyny howpsuzlyk aladalary sebäpli tutmaýar.


Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy, 14 ýaşly Süleýman Tursunbaýew gümürtik şertlerde aradan çykdy.


Turkmen.news neşiriniň 2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda çap eden habaryna görä, Tursunbaýew fewralyň başlarynda Bäherden etrabynda geçirilen bir dzýudo ýaryşyna gatnaşanda oňa ýaryşda ýeňilmek barada yşarat edilipdir, ýöne ol ýeňipdir. Ýaryşyň yzýany näbelli ýaş adamlar Tursunbaýewi bir ýerlere äkidip, urup-ýenjenlerinden soňra, köçä taşladylar.




Şonda internetde peýda bolan wideolarda ýetginjegiň ejesi we kakasy çagasynyň tutuş bedeninde aýylganç urgy yzlary bolup, birnäçe gün ýatandan soň ýogalandygyny gürrüň berip, häkimiýetlerden adalat sorapdy.


Süleýman Tursunbaýewiň ölüminiň töweregindäki birnäçe sorag heniz hem jogapsyz galýar.


Dört ýyl mundan ozal gümürtik ýagdaýda wepat bolan etniki özbek asylly ýetginjek türkmen türgeniniň tragediýasy türkmen halkynyň arasynda, şol sanda aktiwistleriň, ýerli ýaşaýjylaryň we intelligensiýanyň pikir alyşmalarynda esasy mowzuga öwrülipdi. Şonda Türkmenistanda sportuň "dost-doganlyga, sagdynlyga we ruhubelentlige" däl-de, ýigrenje, göriplige, eden-etdilige we çydamsyzlyga ýugrulandygyny köpler bilip galdy diýip, Azatlygyň synçysy problema ünsi çekýär.


Türkmen häkimiýetleriniň bu heläkçilikli waka barada jenaýat işini gozgap-gozgamandygy nämälim galýar. Ýurduň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem ýaş pälwanyň ölümi barada beýanat bilen çykyş etmedi. Ýeke-täk resmi jogap Tursunbaýewiň okan sport mekdebinden bolupdy. Mekdebiň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary Şemşat Orazkuliýewa diýip tanyşdyran mekdep resmisi ýetginjegiň dişini sogurdandan soňra näsaglandygy Turkmen.news neşirine aýdypdy.


Mekdep administrasiýasynyň öňe süren bu düşündirişi jemgyýetçiligi kanagatlandyrmady türkmenistanlylar Süleýman Tursunbaýewiň ölümini derňemek, adalatly sud geçirmek we onuň ölümine sebäp bolanlary jezalandyrmak talaby bilen protest aksiýalaryny geçirdiler. Demonstrasiýalaryň biri 2021-nji ýylyň 6-njy martynda Nýu-Yorkda boldy.


Azatlygyň synçysy ilat köpçüliginiň 14 ýaşly dzýudoçy Süleýman Tursunbaýew bäsleşikde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bir kadetinden utulmakdan ýüz öwürmegi sebäpli, ýeňişden soň näbelli hüjümçiler tarapyndan urlup, ölüm halynda köçä taşlanandygyna we lukmanlaryň ony ölümden halas edip bilmändigine ynanýandygyny belleýär.




"Sportdaky şol nogsanlyklaryň bu gün hem saklanyp galýandygyny we iň agyr ýeri - şol nogsanlyklaryň türkmen režiminiň ýokary derejeli emeldarlary tarapyndan goldanyp gelinýändigini görmek bolýar" diýip, synçy aýtdy we golaýdaky ýagdaýlaryň birini mysal hökmünde getirdi.


"Türkmenistanyň häkimiýetleri türkmen futbolçylaryna daşary ýurtlardaky türgenleşik oýunlaryna gatnaşmagyny doly gadagan etdi, mundan başga-da, ýurt içinde geçirilýän sport ýaryşlary halkara derejesinde geçiriljek çempionatlara we olimpiýa oýunlaryna ýurduň abraýyny galdyrjak hakyky ussat türgenleri ýüze çykarmak üçin däl-de, korrupsiýa oýunlary we birinji maşgala ýakyn, şeýle-de emeldarlara degişli türgenleri "sylamak" üçin geçirilýär. Netijede, abraýly halkara ýaryşlarynda türkmen toparlary köp halatlarda nol netije bilen çykyş edýärler" diýip synçy aýdýar. 


Maltanyň Futbol Federasiýasy 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabryna bellenen dostlukly halkara ýaryşyny ýatyrmaga mejbur bolupdy. Muňa türkmen hökümetiniň öz ýurdunyň milli futbolçylarynyň Malta Respublikasyna syýahat etmegine rugsat bermändigi sebäp bolupdy. Emma türkmen resmileri munuň sebäbini düşündirmändi.


Azatlygyň synçysy we söhbetdeş bolan türkmenistanly sport ussatlary ýurtdaky ýaşyrynlyk syýasatynyň ähli problemalaryň üstüni ýapýandygyna we islendik ýagdaýy gozgamagyň hem-de adalaty gözlemegiň öňüne böwet bolýandygyna ynanýarlar.




"Sport ýapyk ýurtda durmuşyň ähli ugurlaryny gabap alan para-peşgeş belasynyň pidasyna öwrüldi. Türkmen sportunda bu gün ussatlyk, zehinlilik, zähmetsöýerlik däl-de, doping jenjelleri, tireparazlyk, milletparazlyk, çydamsyzlyk we tertip-düzgüniň aşa gowşaklygy göze ilýär" diýip, synçymyz belleýär.


Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan sport mekdebiniň mugallymy sportdaky problemalar media serişdelerinde gozgalmaýan hem bolsa, türkmen sportçylaryna degişli wagtal-wagtal ýüze çykýan aýra-başga hadysalaryň ýurtdaky umumy ýagdaýy açyp görkezýändigini belledi.


"Muny hususan-da, türkmen sportçylarynyň ýakynda Hytaýda geçirilen halkara ýaryşynda Gonkongly bäsdeşlerine görkezen "ýumrukbazlygynda" görmek bolýar. Iň bir gözgyny ýeri hem şol bolup geçen tertipsizlige ne türkmen resmileri, ne sport resmileri, ne-de hökümetçi media teswir berdi, hiç hili ses çykmady, hamala, hiç zat bolmadyk ýaly. Türkmen sportundaky ýagdaýlar sportçylaryň hereketinde göze ilýär" diýip, sport mekdebinde işleýän türkmenistanly mugallym öz pikirini paýlaşdy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.