Aşgabatda mal we towuk etleri gymmatlady
Balkan, Mary we Lebap welaýatlaryndan soň, indi Aşgabatda hem towuk we mal etleri gymmatlady. Söwdagärler gymmatlamanyň sebäplerini mal ýetmezçiligi we guşçulyk fermalarynyň birnäçesiniň ýapylmagy bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.
“Bazarlarda geçen hepde bir kilogramy 60 manatdan satylan etiň bahasy 15-20 göterim gymmatlap, häzir 70-75 manatdan satylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Gymmatlama towuk etinde has ýiti derejede boldy. 14-nji fewralda paýtagtyň bazarlarynda ýerli guşçulyk fermalarynda öndürilen towuk etiniň bahasy duýdansyz 60% çemesi gymmatlady.
“Anna güni bazarlara baran alyjylar bir kilogram towuk etini 35 manatdan satyn alyp başladylar. Mundan öň onuň bahasy 21 manada barabardy” diýip, paýtagtly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Gymmatlamanyň "sebäpleri"
Et söwdagärleri gymmatlamanyň sebäbini soňky hepdelerde welaýatlardan paýtagta lomaý getirilýän mallaryň sanynyň azlygy bilen düşündirýärler.
“Welaýatlardaky maldar hojalyklaryň ençemesi gyş paslynyň öň ýanynda, mallara bermäge niýetlenen saman, kepek, arpa ýaly mal iýminiň gymmatlamagy netijesinde, mallaryny köpçülikleýin satdy. Şol döwür etiň bahasy birneme arzanlady. Häzir köp maldarda satmak üçin mal galmady” diýip, ýagdaýlardan habarly et söwdagäri anonimlik şertinde aýtdy.
Towuk etiniň söwdasyny edýän telekeçiler bolsa, gymmatlamanyň sebäbini hususy guşçulyk fermalarynyň birnäçesiniň öz işini bes etmäge mejbur bolandygy bilen düşündirýärler.
“Muňa telekeçileriň towuklary keselçiliklerden goramak üçin zerur bolan antibiotik dermanlaryny daşary ýurtlardan satyn alyp bilmezligi sebäp boldy. Bu antibiotikler towuklary “guş mergi” keseline garşy goraýar. Bu ýokanç hassalyk daşary ýurtlaryň ençemesinde towuklaryň köpçülikleýin gyrylmagyna getiripdir” diýip, ýerli telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Telekeçileriň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, olaryň bu antibiotikleri satyn alyp bilmezligine “soňky aýlarda ýitileşen konwertasiýa kynçylyklary” sebäp bolupdyr.
Konwertasiýa kynçylyklary
“Soňky aýlarda ýurduň täjirçilik banklary telekeçileriň walýuta konwertasiýasy boýunça ýüz tutmalaryny kanagatlandyrmaýarlar. Ilkibada telekeçiler manady gara bazarda dollar çalşyp, dermanlary satyn aldylar. Ýöne soňra häkimiýetler telekeçilerden towuk etini döwlet bahasyndan satmagy talap etdiler” diýip, ýene bir telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, köp telekeçi döwlet tarapyndan konwertasiýa ýola goýulmasa, towuk öndürmegiň çykdajyly boljakdygyna düşünip, tizden-tiz fermalaryny ýapmak bilen boldy.
"Bu ýagdaýlar ýerli bazarlara goýberilýän towuk etiniň azalmagyna we onuň bahasynyň gymmatlamagyna getirdi" diýip, ol sözüne goşdy.
Azatlykda öz işini togtadan guşçulyk fermalarynyň ady barada maglumatlar bolsa-da, telekeçileriň howpsuzlygy sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Redaksiýa bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda söwda edarasyndan we ýurduň Merkezi bankyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri ABŞ dollarynyň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manat hökmünde kesgitläp gelýär, ýöne gara bazarda dollaryň bahasy resmi kursdan 5-6 esse çemesi ýokary bolmagynda galýar.
Merkezi bank 2016-njy ýyldan bäri dollaryň resmi söwdasyny çäklendirýär.
Resmi düzgünlerde walýuta çalşygyny resmi kurs boýunça nagt däl görnüşde geçirip bolýandygy bellense-de, bu hyzmatdan ilatyň diňe çäkli gatlagy, telekeçileriň käbir bölegi peýdalanyp bilýär.
Ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy dollaryň iki kursy we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.