Balkanda çagalaryň arasynda onkologiýa keselleri köpelýär
Türkmenistanda keselçilige, şol sanda onkologiýa degişli resmi sanlar çap edilmeýärkä, saglyk edaralaryndaky çeşmeleriň Azatlyga beren maglumatlary ýurtda rak keseliniň giňden ýaýrandygyny habar berýär.
Balkan welaýatyndaky medisina edaralarynda onkologiýa keselleri bilen bejergi alýan çagalaryň sany artýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan welaýatyň saglygy saklaýyş wekilleriniň sözlerine görä, soňky döwürde çagalaryň arasynda leýkemiýa we glioblastoma ýaly onkologiýa keselleri köpelipdir.
"Balkanda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda onkologik keseller köpelýär. Beýnidäki rakdan ejir çekýän çagalaryň we kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekleriň 50-ä golaýy welaýatyň onkologiýa bölüminde hasapda durup, bejergi alýarlar" diýip, hassahanadaky ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri aýtdy.
Günbatar welaýatynyň saglyk edaralarynyň wekilleri ýerli keselhanalarda onkologiýa kesellerini bejermek üçin mümkinçilikleriň örän çäklidigini aýdýarlar.
Onkologik hassalar üçin niýetlenen ýeke-täk hassahana bölüminde döwrebap tehnikanyň, barlag enjamlarynyň, laboratorýa üçin zerur serişdeleriň ýetmezçilik edýändigini balkanly çeşmeler aýdýarlar we köplenç hassalaryň barlag- analizleriniň Aşgabada ugratmaly bolýandygyny belleýärler.
Leýkemiýa keseline garşy göreşýän çaganyň kakasy ýurtdaky hassahanalarda öz perzendine berilýän bejerginiň oňyn netije bermändigini gürrüň berdi. Ol öz çagasyny indi daşary ýurda äkitjek bolýandygyny aýtdy.
"Men ýarym ýyllap çagamyň hassalygy bilen göreşýärin. Her 20 günden ilkinji üç aýda Aşgabatdaky merkezi onkologiýa keselhanasyna alyp bardym we bejergi aldyrdym. Olardan hem netije bolmady. Gaýtam müňläp manat çykdaýjy etdim. Ol pullara Hindistana ýa-da Eýrana gidip, bejergä sarp eden bolsam belki oňat netije bererdi" diýip, hassa çaganyň kakasy aýtdy.
Türkmenistandaky çeşmeleriň gürrüň bermegine görä, onkologiýa hassahanalarda çagalara mugt derman berilmeýär, dermanlaryň ählisi üçin tölemeli. Keselhanalarda hassa çagalara diňe ýatmak üçin mugt ýer berilýär.
"Dermanlar gymmat bahadan satyn alynýar. Üstesine her kurs bejergi üçin ökde hasaplanýan onkolog lukmana aklyk üçin pul bermeli, azyndan 200 dollar hödürlemeseň, çagaňdan habar hem almaýarlar. Bir hepdelik bejergi üçin lukmanyň özüne 200 dollar we dermanlar üçin 250 dollara golaý çykdajy etmeli" diýip, balkanly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Mundan öň leýkemiýa keseliniň köpelendigi aşgabatly lukmanlar hem habar beripdi.
Paýtagtyň Köpetdag etrabyndaky onkologiýa merkezine ýüz tutýan hassalaryň arsynda leýkemiýa, ýagny ak gan keseliniň möwç alandygyny we keselhana barýan hassalaryň sanynyň günde ýüz adamdan geçýändigini paýtagtly saglyk resmileri geçen ýylyň tomsunda habar beripdi.
Şonda hassalaryň aglabasynyň orta ýaşdan ýokary adamlar, köpüsiniň aýallardygy, emma çagalaryň hem bardygy aýdylypdy.
Onkologiýa hassahanalary gurulýar
Türkmenistanda soňky ýyllarda onkologiýa hassahanalarynyň birnäçesi guruldy. Olaryň birini Daşoguzda 2022-nji ýylyň 27-nji maýynda prezident Serdar Berdimuhamedowyň özi açdy.
Türkmenistanda ýene üç sany onkologiýa hassahanasynyň gurluşygy planlaşdyrylýar. Türkmen metbugatyna görä, umumy bahasy 156,3 million amerikan dollaryna barabar täze hassahanalar Balkanabat, Türkmenabat şäherlerinde we Mary welaýatlarynda gurlar. Türkmen hökümeti munuň üçin Yslam ösüş banky (YÖB) bilen 2024-nji ýylyň oktýabrynda ylalaşyga gol çekdi.
Täze hassahanalaryny gurýan türkmen hökümeti ýurtda keselçiligiň, şol sanda onkologiýa hassalygynyň statistikasyny onlarça ýyl bäri çap etmän gelýär.
Milli we halkara statistikasy
Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentine 2019-njy ýylda hödürlenen we garaşsyz media serişdelerine çap bolan Türkmenistanyň Meýletin milli synynda Türkmenistanda ilatyň ölümine getirýän esasy keselçilikleriň biri ýürek-damar kesellerinden soň, onkologiýa keselleri diýlip, görkezilipdi.
Şondan bäri Türkmenistanda onkologiýa keseline degişli resmi sanlar elýeterli bolmady.
Häzirki wagtda onkologiýa keselleriniň dünýä derejesinde hem köpelýändigi habar berilýär. Täze barlaglarda rak keseli bilen näsaglaýanlaryň arasynda ýaş adamlaryň has köp duş gelýändigi aýdylýar.
"BMJ Onkology" lukmançylyk žurnalynda çap edilen soňky barlaglaryň netijesine görä, dünýäde 1990-2019-njy ýyllar aralygynda 50-den ýaş adamlaryň arasynda onkologiýa keselleriniň anyklanmagynyň we rakdan ölümiň derejesi degişlilikde 79% we 28% ýokarlandyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.