Türkmenistan Merkezi Aziýanyň iň korrumpirlenen ýurdy- TI
"Transparency International” guramasy 2024-nji ýyl üçin, iň soňky Korrupsiýa indeksini (Corruption Perception Index) çap etdi. Ol 180 ýurdy öz içine alýar. Dünýä derejesinde ýurtlaryň üçden ikisinden gowragy 100 ballyk ölçegdäki derejeden, 50-den hem az bal aldylar. Bu bolsa korrupsiýa düşünjesiniň ýokary derejede galýandygyny görkezýär. Korrupsiýanyň orta derejedäki ýagdaýy 43 bala ýetdi. Bu baha dowamly 12 ýyl bäri ýagdaýyň gowulaşmadygyny görkezýär. Dünýäniň iň bir korrumpirlenen ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistan 2024-nji ýylda öňki ýagdaýlaryndan kän bir üýtgemedi.
Transparency International guramasynyň maglumatyna görä, ýurtlaryň aglaba bölegi – 148 döwlet gowulaşmady ýa-da tersine, olarda korrupsiýanyň ýagdaýy erbetleşdi. Merkezi Aziýa ortaça hasap boýunça bu derňewde 100-den 35 bal alyp, ikinji iň pes derejä ýetdi.
Bu sebitdäki ýurtlarynyň arasynda Gazagystan 88-nji orunda ýer alyp, 40 bal derejesinde, iň gowy netijäni görkezdi.
Bu ýurduň alan baly geçen ýylkydan köp boldy (2023-nji ýylda Gazagystan 39 bal alypdy). Reýtingi düzüjileri boýunça Gazagystan "düýpli özgerýän" döwletleriň sanawyna girizildi. 2016-njy ýyldan bäri Gazagystan öňküsinden 11 dereje ýokary galdy. Muňa garamazdan, ol örän korrumpirleşen ýurtlaryň arasynda galýar.
"Korrupsiýa düşünjesi ýurtda geçirilen birnäçe çärelere garamazdan, korrupsiýa howpy ýokary bolan toparda galýar. Bu görkeziji Gazagystanda korrupsiýanyň derejesiniň döwlet we raýat jemgyýetinden aýgytly çäreleri talap edýän agyr problema bolup galýandygyny görkezýär" diýip, hasabatyň awtorlary bellediler.
Özbegistan 180 ýurduň arasynda, 121-nji ýerde durýar. Ol Angola, Ekwador, Keniýa, Şri-Lanka we Togo ýaly ýurtlaryň arasynda ýerleşdi. Özbegistan 100-den 32 bal aldy. Munuň özi 2023-nji ýyldakydan bir bal azdyr.
Gyrgyzystanda "Konstitusiýa özgerişler girizilenden soň, prezidentiň ygtyýarlyklaryny düýpli giňeldýär we parlamentiň gözegçiligini gowşaýar, netijede gözegçiliksiz korrupsiýa üçin şertler döreýär" diýip, Transparency International guramasy aýtdy. Ýurt bu indeksde 25 bal alyp, 146-njy orny eýeleýär.
Dünýäniň iň bir korrumpirlenen ýurtlarynyň hataryna girýän Täjigistan (19) we Türkmenistan (17) 2024-nji ýylda, öňki ýagdaýlaryndan kän bir üýtgemedi.
Türkmenistan bu reýtingde 165-nji hatarda ýerleşýär. Täjigistan bolsa 164-nji ýerde durýar.
«Awtokratik döwletlerdäki kazyýet-derňew ulgamlary prezidentiň gözegçiliginde galýar. Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň köp ýurtlary korrupsiýa – para-peşgeş işleri ýokary derejede kazyýete ýetirilmeýär. Bu meýiller ýurduň öz içinde-de, halkara derejesinde-de tebigy baýlyklaryň peýdalanyşyny has-da ýaramazlaşdyrýar. Peýdaly baýlyklary çykarmakda we satmakda aýdyňlygyň bolmazlygy we dogry hasaplamalaryň ýokdugy sebäpli "awtokratlara öz hökümetini berkitmäge, başgaça pikirlenýänleri basyp ýatyrmaga, reforma talap edýänlere garşy durmaga maliýe serişdelerini berýär» diýip, indeksi düzüjiler aýdylýar.
Transparency International guramasy demokratik institutlaryň we hukuk düzgüniniň gowşak bolmagy durnuksyzlyk bilen utgaşyp, korrupsiýa üçin amatly şertleri döredýändigini we jemgyýetiň ynamyny gaçyrýandygyny aýdýar. Gurama munuň durnukly ösüşe ýol bermän, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça çäreleriň amala aşmagyna päsgel berýändigini belleýär.
«Parahorluk – bu diňe bir ösüşe zyýan ýetirmän, eýsem demokratik gymmatlyklaryň pese gaçmagynyň, durnuksyzlygyň we adam hukuklarynyň bozulmagynyň esasy sebäbi bolýan global howpdur. Halkara jemgyýetçiligi we her bir ýurt korrupsiýa garşy göreşi hiç bir gowşatmazdan ileri tutmaly. Bu awtokritarizme garşy durmak we parahatçylykly, erkin hem durnukly durmuşy üpjün etmek üçin örän möhümdir» diýip, Transparency International guramasynyň başlygy Fransua Waleriananyň beýanatynda aýdylýar.
Indi ýedinji ýyl yzly-yzyna reýtinge Daniýa baştutanlyk edýär. Ol iň ýokary hasap - 90 bal gazandy. Onuň yzyndan Finlandiýa (88 bal) we Singapur (84 bal) durýar.
Iň ýaramaz korrupsiýa batan ýurtlar: Wenesuela (10 bal), Somali (9 bal) we Günorta Sudan (8 bal) boldular.
Korrupsiýa düşünjesiniň indeksi – bu döwlet pudagynda korrupsiýa garaýyş boýunça 180 ýurduň derejeleridir. Bu dereje ekspert çeşmeleriniň 13-sinden, şol sanda Bütindünýä bankyndan, Freedom House’den, hususy konsalting kompaniýasyndan we derejeli edaralardan, barlag geçirýän merkezlerden we beýleki guramalardan alnan maglumatlar esasynda hasaplanylýar.
Korrupsiýa düşünjesiniň indeksinde ýurtlar korrupsiýadan azat hasaplanýan 100 baldan, iň parahor hasaplanýan 0-a çenli bal alýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.