Türk kompaniýalary bir ýylda Türkmenistandan $216 millionlyk iş aldy
Türk kompaniýalary 2024-nji ýylda türkmen hökümetinden bahasy 216 million dollar bolan potratçylyk taslamalaryny aldy - “Biznes Türkmenistan” bu maglumaty Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirokuň 12-nji fewralda Aşgabatda gurnalan metbugat ýygnagynda aýdan sözlerine salgylanyp çap etdi.
Türk diplomatynyň tassyklamagyna görä, häzir Türkmenistanda türk işewürleriniň gatnaşmagynda $4 milliard bahasy bolan 25 taslama durmuşa geçirilýär.
Şeýle-de, ilçi türk kompaniýalarynyň Arkadag “akylly” şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmagyna ynam bildiripdir.
Türk kompaniýalary Türkmenistanda 1991-nji ýyldan bäri 1 müňden hem köp taslamany üstünlikli tamamladylar, olaryň umumy bahasy 50 milliard ABŞ dollaryndan geçýär diýip, Demirok bu hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň türk kompaniýalaryna bildirýän ýokary ynamynyň subutnamasy hökmünde görkezdi.
Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň möçberi geçen ýylda $2,166 milliarda deň boldy.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky dört ýylyň dowamynda üç esse artyp, 2023-nji ýylda 2,5 milliard dollardan hem aşdy diýip, geçen ýylyň ýanwarynda hökümetçi neşirler Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisiniň sözlerin salgylanyp ýazdylar.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda işlän türk kompaniýalarynyň onlarçasy türkmen hökümetini öz eden işleriniň hakyny doly tölemezlikde aýyplap, halkara kazyýetlerine ýüz tutdy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, iki ýurduň arasyndaky soňky ‘ýakynlaşmadan’ öň türk işewürlerini galplykda aýyplady.