ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28

Ahalyň döwlet edara-kärhanalarynda iş orunlary kemeldilýär

0
Aşgabadyň eteginde we Ahal welaýatynda ýerleşýän döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň birnäçesinde işgär sany azaldylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatyna görä, şu ýylyň başyndan bäri iş orunlaryny kemelden edaralaryň arasynda hem senagat kärhanalary, hem-de medeniýet edaralary bar. 


"Ştat düzüminiň kemeldilmegi döwlet edara-kärhanalarynyň köpüsinde bolup geçdi. Şol sanda Gypjakdaky jyns tekstil fabrigi, Gökdepedäki dokma fabrigi işgär sanyny azaltdy" diýip, aşgabatly çeşme gürrüň berdi. 


Işgärleriniň sanyny kemelden edara-kärhanalaryň aglabasy döwletiň eýeçiligindäki önüm öndürýän kärhanalar bolup, işsiz galanlaryň arasynda buhgalter, arhiwçi, ammarçy, mehanik ýaly hünärmenler bar.  




"Köp edaralarda, meselem buhgalteriýada hasapçynyň ýa-da teatrda awto mehanigiň orny kemeldilip, olaryň işi başga işgärleriň üstüne ýüklendi" diýip, çeşme gürrüň berdi. 


Azatlyk bilen anonimlik şertlerinde gürrüňdeş bolan ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeleriň sözlerine görä, iş orunlary azyndan 10% kemeldilipdir.


Döwlet edara-kärhanalarynda iş orunlarynyň köpçülikleýin azaldylmagy bilen bagly häzirki ýagdaý barada hökümet agzalary tarapyndan we ýurduň habar beriş serişdelerinde resmi maglumat bolmady. 


Çeşmeler bolsa, işden çykarylan adamlardan we işde galanlardan işgär sanynyň kemeldilmegi hakynda habar ýaýratmazlygyň berk talap edilendigini gürrüň berdiler.


"Bu barada köpçülige aýan etmezlik işde galan işgärlere berk tabşyryldy. Eger-de kimde-kim bu barada birek bireginiň ýanynda agzap, tankyt etse, şeýle raýatlaryň berk yzarlanjakdygy, işinden boşadyljakdygy duýduryldy" diýip, çeşme gürrüň berdi.


Ahal welaýatyndaky döwlet kärhanalaryň birinde işleýän çeşme şeýle berk duýduryşdan soň işgärleriň öz aralarynda we beýleki adamlar bilen gürrüňdeşlikden gaça durýandygyny aýtdy.


Işden çykarylan adamlara iş orunlaryň düzüminiň çäklendirilendigi aýdylypdyr, emma olara üç aý zähmet hakyny tölemezlik üçin basyş görkezilipdir we öz islegi boýunça işden çykýandygy barada arza ýazmaga mejbur edilipdir.


Bu ýagdaý ençeme maşgalanyň maddy üpjünçiligini hatar astyna goýupdyr.


"Eklenjini ýitiren adamlar öňküsinden hem bilini pugta gysyp, öz kysmatyna kaýyl bolmaly boldylar. Esasan hem ýaşlar bu ruhy urgudan, maddy ýetmezçilikden depressiýa düşýärler" diýip, çeşme aýdýar.


Türkmenistanda iş orunlarynyň azaldylmagy soňky ýyllarda birnäçe gezek amala aşyrylypdy. 2023-nji ýylda onlarça döwlet kärhanasynda, şol sanda ýurda esasy girdeji getirýän nebit-gaz pudagynda iş orunlary kemeldilip, müňlerçe adam işsiz galypdy.




Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2022-nji ýylyň oktýabrynda “Galkynyş” ýatagyndaky gazy kükürtden arassalaýjy desgada işgär sanynyň azaldylandygyny habar beripdiler.


Geçen ýyl Aşgabadyň jemgyýetçilik transportyna we jemagat gulluklaryna degişli edaralaryň, şeýle-de Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň işgärleriniň aýlyklary azaldylypdy.  Hususan-da, paýtagtyň ýolagçy trasport kärhanasynyň işgärleriniň aýlyklary 30% çemesi kemelipdi. 


Soňky bäş ýylyň dowamynda döwlet edaralarynda ençeme gezek köpçülikleýin iş orunlary azaldylypdy, şeýle-de işgärleri pulsuz dynç rugsadyna ugratmak ýaly çäreler amala aşyrylypdy, ençeme döwlet edarasy ýapylypdy. Ýurt ýolbaşçylary tarapyndan resmi derejede boýun alynmadyk ykdysady krizis döwrüne gabat ýüze çykan bu ýagdaýyň sebäbine resmi düşündiriş bolmady. 




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.