Aşgabatda aldaw ýoly bilen raýatlaryň telefonlaryndaky puluny alýan hilegärler köpelýär
Aşgabatda raýatlaryň mobil telefonlaryna pul geçirendigi barada SMS iberip, olaryň puluny alýan hilegärler göz-görtele köpelýär.
Bu hilegärleriň pidasy bolan raýatlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk kärhanasynyň we polisiýanyň bu ýagdaýlara garşy hiç hili çäre görmeýändigini aýdýar.
“Ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderilerine nätanyş telefon belgisinden SMS iberilýär. Soňky bir aý çemesi wagtyň dowamynda köpelen wakalarda SMS-i iberýän ulanyjy pul geçirmedik bolsa-da, SMS-de ‘size plança manat pul geçirildi’ diýip ýazýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýöne bir salymdan soň, şol nätanyş belgiden jaň gelip, telefondaky erkek adam salam berýär we “bagyşlaň, men ýalňyşlyk bilen siziň nomeriňize pul geçiripdirin” diýýär.
“Erkek adam ‘yzyna iberäýiň, dogan, agam, inim ýa-da jigim’ diýip, mylakatlylyk bilen haýyş edýär. Köp raýat bu kezzaplygyň toruna düşüp, jaň gelen telefon belgä SMS-de görkezilen puly geçirýär” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanda raýatlar öz mobil telefonyndan islendik abonenti aýlap, şol belgä pul geçirip bilýärler. Pul geçirilenden soň, “Altyn Asyr” kärhanasynyň 0408 belgisinden SMS gelip, pul geçirilendigi barada habarnama gowuşýar.
Ýöne köp adam SMS-iň kimden gelendigine üns bermezden, hasabyna pul serişdesiniň gelendigini ýa gelmändigini anyklamazdan, jaň eden abonente puly geçirýär we aldawa düşýär.
“Bir salymdan adamlar öz hasabyndaky pul serişdesini barlanda, aldanandyklaryny bilip galýarlar. Ýöne eýýäm giç bolýar. Şondan soň SMS-i iberen, jaň eden abonent adamlaryň jaňlaryna jogap bermeýär” diýip, ýaşaýjy belledi.
Puluň mukdary esasan 20, 40 we 50 manatdan köp bolmaýar. Sebäbi köp adam aşa uly mukdarda bolmadyk bu puly pikirlenmezden, dessine iberýär.
“Şol sebäpli hilegärler, raýatlar şübhelenmez ýaly, SMS-lerde 100-200 manat ýaly puly görkezmeýärler. Häzire çenli bu hilegärligiň pidasy bolanlaryň sany, diňe meniň bilýän wakalaryma görä, onlarça adama barabar. Hilegärleriň iberilen puly hususy dükanlarda nagtlaşdyrýandygy aýdylýar” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Bellesek, Türkmenistanda raýatlar telefonlaryndaky pul serişdesini hususy dükanlarda nagtlaşdyryp bilýärler. Dükanlaryň köpüsinde satyjy bu hyzmat üçin 10 göterim alýar.
“Eger telefonyň eýesi dükan satyjysynyň hasabyna 220 manat geçirse, onda satyjy oňa 200 manady nagt görnüşde berýär” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Hilegärligiň pidasy bolanlaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýe bolan “TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyryň” resmileri pul serişdelerini yzyna gaýtaryp bolmaýandygyny aýdýarlar.
“Polisiýa ýüzlenen ýaşaýjylar hem jogap tapyp bilmeýärler. Sebäbi olara hilegärleriň ýurtdan göçüp giden adamlaryň ýa-da ýogalan adamlaryň adyna açylan telefon belgilerinden peýdalanýandygyny aýdýarlar” diýip, ýaşaýjylar bu hilegärlikler barada ýurduň tele-radio ýaýlymlarynda ilatyň habarly edilmeýändigine hem ünsi çekip, nägilelik bildirýärler.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada “Altyn Asyr” kärhanasyndan we şäheriň polisiýa bölüminden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligi arasynda, soňky ýyllarda ýurtda ilaty dürli usullar bilen aldawa düşürip, puluny alýan hilegärleriň göz-görtele köpelýändigi barada Azatlygyň habarçylary ýygy-ýygydan maglumat berýärler.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy ilatyň jübüsine ýiti zyýan ýetirýän bu ýagdaýlar barada, adatça bolşy ýaly, maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.