ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Söýgüliler gününiň giňden bellenilmeginiň arasynda baýramçylyga garşy wideolar ýaýradylýar

0
14-nji fewralda dünýäniň onlarça ýurdunda bolşy ýaly Türkmenistanda hem Keramatly Walentin güni, ýagny Söýgüliler güni bellenilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary köp raýatyň baýramçylyga giňden taýýarlyk görýändigini, ýöne häkimiýetleriň käbir çäklendirmeleri girizendigini aýdýarlar.


Munuň bilen bir wagtda, sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda ýurtda bu baýramçylygy bellemeginiň dogry däldigi ýa-da onuň hristianlara, şol sanda LGBT azlygyna degişli baýramçylykdygy barada köpçülikleýin wideolar ýaýradylýar.


Şeýle wideolaryň birinde türkmen ulanyjysy “Keramatly Walentiniň rim hristianlarynyň din adamy bolandygyny we onuň uruş döwründe, gadagan bolandygyna garamazdan, esgerleriň öýlenmegine yzygiderli kömek edendigini we şol sebäpli onuň keramatly hasaplanýandygyny” aýdyp, şeýle diýýär:




“Ol döwürler 14-nji fewral Söýgülileriň güni diýlip, baýram bellemeýärdiler. Sebäbi Walentiniň haramlyk edip, erkek bilen erkekleri we erkek bilen aýal maşgalalary öýlendireni üçin Walentini jezalandyrýarlar” diýip, ol belleýär.


Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli ulanyjynyň adyny we sahypasyna degişli maglumatlary köpçülige ýetirmekden saklanýar.


Ol bu baýramçylygyň 1970-nji ýyllarda Amerikada LGBT jemgyýeti tarapyndan giňden bellenilip başlanandygyny, soňra munuň halk arasynda giňden ýaýradylandygyny hem aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:


“Diýmek, 14-nji fewral hristianlaryň batýuşkasy Keramatly Walentiniň güni. Bu baýramy belläp-bellemezlik – bu siziň işiňiz. Ýöne onuň taryhyny bilmek gerek” diýip, ol aýdýar.


Bellesek, Keramatly Waletin barada dürli rowaýatlar bolup, Internet giňişligindäki maglumatlarda wideoda öňe sürlenleri doly tassyklaýan ylmy iş göze ilmeýär.


Häzirki günde Internetde elýeterli bolan maglumatlara görä, Keramatly Walentin güni hristian we gadymy rim däp-dessurlaryny öz içine alýar. Biri-birini söýýän jübütlere bagyşlanan bu gün dünýäniň onlarça ýurdunda, şol sanda musulman döletlerinde Söýgüliler güni hökmünde giňden bellenilýär. Jübütler bir-birine süýjüdir-şokoladlary, gül desselerini we beýleki sowgatlary berýärler.


Günbatar baýramçylygy ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat bolan Türkmenistanda hem ornaşyp, halkyň köp böleginiň arasynda höwes bilen bellenilýär.


Ýurtda bir-birine sowgat berýänler diňe bir ýaşlar we ýetginjekler bolman, gül we sowgat satyn alýanlaryň arasynda orta ýaşly adamlary hem köp görse bolýar.




Soňky günlerde sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda baýramçylyga garşy wideolaryň köpelmeginiň arasynda, Maryda bu aýdylanlar bilen ylalaşýan adamlar hem göz-görtele artýar.


Habarçymyz olaryň köplenç ýaşaýyş durmuş şertleri agyr bolan hojalyklardandygyny aýdýar.


“Olar bu gürrüňleri daş-töweregine ýaýradýarlar we baýramçylygy bellemegiň günädigini aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Şol bir wagtda, köp raýatyň, hususan-da, gurply hojalyklaryň, uly wezipeli adamlaryň, işleri şowuna bolan telekeçileriň aşyklar gününe garaýşy başgaça bolup, olar baýramçylygy giňden belleýärler.




“Bize Walentin boldy, Nataşa boldy tapawudy ýok. Bize bellemäne baýramçylyk bolsa boldy. Biz şu gün nabor kosmetika, dürli görnüşli konditer önümleri, we çemen güller bilen hojalygymyzy begendirmekçi” diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Azyk, kosmetika, gül, konditer we beýleki senagat harytlarynyň söwdasyny edýän telekeçileriň hem ençemesi wideolarda we il arasynda ýaýradylýan gürrüňlerde aýdylanlar bilen ylalaşmaýandyklaryny belleýär.


“Biz bu baýramçylygy aşyk-magşuklaryň, ýagny söýgülileriň güni diýip hasaplaýarys. Her ýyl biziň söwdamyza päsgelçilik döretjek bolýarlar” diýip, maryly söwdagär anonimlik şertinde aýtdy.


Türkmen häkimiýetleri we metbugaty baýramçylygyň bellenişi we onuň töweregindäki ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.


Ýöne Marynyň häkimiýetler ilatyň bu baýramçylygy şäheriň kafedir restoranlarynda gijäniň has giç sagatlaryna çenli bellemegi çäklendirýär.


“14-nji fewralda kafelerden, restoranlardan sagat 21:00-a çenli işlemek talap edilýär. Mundan öň 22:00-a çenli işlemäge rugsat berilýärdi” diýip, şäherdäki kafeleriň biriniň eýesi anonimlik şertinde aýtdy.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.