Türkmen-eýran serhedindäki bitarap zolakda awtobuslaryň ýol kireýi iki esse gymmatlady
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky bitarap serhet zolagynda hususy awtobuslaryň ýol kireýi 100 göterim gymmatlady. Eýrana her aýda birnäçe gezek gatnaýan türkmen telekeçileri gymmatlamanyň özleriniň gazanjyny ep-esli azaldýandygyny aýdýarlar.
Sürüjiler munuň sebäbini özleriniň türkmen resmilerine her aýda tölemeli bikanun “pajynyň” möçberiniň iki esse ýokarlandyrylandygy bilen düşündirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.
“Iki ýurduň arasyndaky Artyk (Türkmenistan) we Loftabad (Eýran), şeýle-de Howdan (Türkmenistan) we Bajgyran (Eýran) serhet geçelgelerinde hususy awtobuslaryň tölegi iki esse gymmatlady” diýip, yzygiderli Eýrana gatnap, iki ýurduň arasynda söwda edýän telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Fewral aýynyň başyndan güýje giren täze nyrha görä, ýolagçylar, şol sanda telekeçiler iki ýurduň arasyndaky bitarap zolagy söküp geçmek hyzmatyny amala aşyrýan hususy awtobuslara 10 manat ýol kireý bermeli bolýarlar.
Iki ýurduň gümrük nokatlarynyň arasynda gatnaýan birnäçe hususy awtobus bolup, mundan ozal olaryň tölegi 5 manada barabardy.
Aglabasy sowet döwründen galan awtobuslaryň ählisi türkmen raýatlaryna degişlidir.
“Il arasynda 'buhanka' ady bilen tanalýan GAZ kysymly awtobuslaryň sürüjileri ýol kireýini diňe türkmen manadynda kabul edýärler. Şol sebäpli Eýranyň raýatlary Türkmenistana gelmek üçin serhet ýakasynda manat satyn almaly bolýarlar” diýip, telekeçi aýdýar.
Telekeçileriň ençemesi, hususan-da, Eýrandan ownuk haryt getirip satýan söwdagärler bu gymmatlamanyň öz çykdajylaryny has-da artdyrandygyny belleýärler. Munuň netijesinde, olar özleriniň gazanjynyň ep-esli azalýandygyny aýdýarlar.
“Mysal üçin, telekeçiler köplenç sabyn, çaý, saç boýalýan hna we dürli Eýran ýaglaryny getirýärler. Bu harytlar müşderiler tarapyndan tiz satyn alynýar, şonuň üçin telekeçiler ýygy-ýygydan Eýrana gatnap durýarlar. Gymmatlama, hususan-da, bu telekeçilere oňaýsyz täsir edýär” diýip, maryly telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, awtobuslar hususy eýeçilikde bolandygy sebäpli, telekeçiler gymmatlama barada kime arz etjekdigini bilmeýärler.
Ýöne hususy awtobuslaryň sürüjileriniň we ýurduň gümrük gullugyndaky ygtybarly çeşmelerimiziň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, gymmatlamanyň esasy sebäbi korrupsiýa bilen baglanyşykly.
“Türkmenistanyň serhetlerindäki migrasiýa gulluklarynyň başlyklaryna her aýda belli bir tölenmeli bikanun 'paç' bar. Täze ýyldan başlap, bu para iki esse ýokarlandyryldy. Şol sebäpli sürüjiler hem ýol kireýini ýokarlandyrmaga mejbur boldular. Hökümet işgärleriniň eden-etdilikleri ahyrynda halkyň jübüsine zarba urýar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Artyk” we "Howdan" serhet geçelgeleriniň resmilerinden we ýurduň Gümrük gullugyndan teswir alyp bilmedi.
Eýran bilen serhet araçäginiň uzynlygy 1150 kilometre golaý bolan Türkmenistanyň häkimiýetleri iki ýurduň arasynda her aýda näçe ýolagçynyň, şol sanda telekeçiniň gatnaýandygy baradaky anyk sanlary mälim etmeýärler.
Ýöne soňky maglumat, Eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli awtomobil ýoluny çekmek barada Ähtnama gol goýlan mahalyna gabat geldi.
“Taslama boýunça eýran kompaniýasy potratçy bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, degişli döwlet edaralaryna we kompaniýalara bu taslamany durmuşa geçirmek üçin tabşyryk bermek teklip edildi” diýip, hökümete tarapdar “Turkmenportal” neşiri 10-njy fewralda habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.