Daşoguzda nas satýan we ulanýan ýaşaýjylar tutulýar
Daşoguz welaýatynda nasyň söwdasy bilen meşgullanýan adamlar saklanýar. Temmäki önümleriniň söwdasyna döwlet derejesinde gözegçilik edilýän ýurtda nasyň söwdasy we ulanylmagy gadagan hasaplanýar. Polisiýa nas satýan adamlary anyklaýar we olary tussag edýär. Nas atýan adamlar hem polisiýa alnyp barylýar.
Şu günler nas söwdasyna we ulanylmagyna garşy çäreler welaýatyň Boldumsaz we Gurbansoltan etraplarynda giňden alnyp barylýar.
Azatlygyň welaýatdaky çeşmeleriniň birnäçesiniň 10-njy fewralda beren maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri nas söwdasy bilen meşgullanýan adamlaryň öýlerinde reýd geçirýärler.
Etraplarda polisiýanyň asudalygy üpjün ediş bölüminiň wekilleri öýlerinde nasyň söwdasy bilen meşgullanýan adamlary anyklap, göni olaryň öýlerine barýar.
"Nas satýan gelniň öýüne reýd geçirildi. Onuň eline gandal geýdirilip, polisiýanyň ulagyna mündürildi. Bu muny gören adamlary gorkuzdy. Sebitde nas satýan başga adamlar hem polisiýa tarapyndan saklandy" diýip, ýerli çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Türkmenistanda nasy saklamak, öndürmek we ulanmak gadagandyr. Ýurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 80-nji maddasynda "nasyň satmak maksady bilen uly bolmadyk möçberde taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi we satylmagy binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär" diýilýär.
Welaýatyň kanun goraýjy edaralarynyň birinde işleýän çeşmä görä, polisýa nas söwdasy bilen meşgullanýanlary anyklamak üçin nas atýan adamlary saklaýar.
"Polisiýa işgärleri nasyň söwdasy bilen meşgullanýanlary köpçülik ýerinde nas çekip tutulan adamlary polisiýanyň uçastogyna alyp gidip, ol ýerde gynap kesgitleýärler" diýip, çeşme aýtdy.
Daşoguzdaky çeşme öz tanyşynyň köçede saklanandygyny gürrüň berdi.
"Men köçäniň ugrunda gidip barýarkam nas atdym. Daş-töwregimde hiç kim ýokdy, ýöne bir ýerlerden polisiýa gelip meni tutdy. Polisiýanyň edarasyna baranymdan soň, olar menden nasy kimden we nireden satyn alýandygymy bilmek üçin meni ýapyk otaga salyp, urup-ýenjip başladylar. Men ahyry aýtmaly boldum. Soňra bolsa meni azatlyga goýbermek üçin 400 manat para aldylar" diýip, daşoguzly öz tanyşyny sitirledi.
Daşoguz welaýatyndaky çeşmeleriň habar bermegine görä, bu welaýata nas Lebapdan getirilýär. Olar ýurduň çäginde nasyň satuwy we ulanylmagy bikanun bolsa-da, polisiýa işgärleriniň onuň satylýandygyny we ulanylýandygyny öňden bäri bilýändigini, emma adatça muňa garşy kän bir çäre görmändigini bellediler.
"Şol polisiýa işgärleriniň özleri hem köp halatlarda nas çekýär" diýip, çeşme aýdýar.
Türkmenistanda nas söwdasy gadagan edilip, çilim söwdasynyň doly döwlet gözegçiligine geçmegi 2007-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolansoň soň başlandy. 2016-njy ýylda ýurtda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda ýörite karar kabul edildi.
Çilimiň gytçylygy we gymmatçylygy temmäki önmlerine garaşly adamlary nas we ygtyýarnamasyz satylýan temmäki önümlerini satyn almaga mejbur edýär. Türkmenistanly lukmanlaryň sözlerine görä, pes hilli temmäki çilimkeşleriň saglygyny howp astyna salýar. Şeýle-de, lukmalar we çilimkeşler bu ýaramaz endikden saplanmak isleýän raýatlara kadaly medisina ýardamynyň teklip edilmeýändigini bellediler.
Türkmenistanyň hökümeti 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäki önümlerinden arassalamagy mundan ençeme ýyl ozal yglan edipdi we bu çäresini sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmek tagallalary bilen düşündiripdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri nas ulanmak meselesini raýatlara basyş görkezmek üçin hem ulanýar.
10 ýyla golaý dowam eden yzarlamalardan soň 2024-nji ýylyň awgust aýynda aradan çykan Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Hudaýberdi Allaşow 2016-njy ýylda nas saklamakda aýyplanyp tussag edilipdi. Şonda Hudaýberdi Allaşow we onuň ejesi Gurbantäç Arazmýadowa, hamala, nas serişdelerini saklandygy baradaky aýyplamalar bilen tussag edilip, gynamalara sezewar bolupdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.