ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Lebapda uçar biletleriniň gytçylygy ýitileşdi, aeroportda uly nobatlar döredi

0
Lebap welaýatynda uçar biletleriniň gytçylygy ýitileşdi. Munuň bilen bagly, Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji fewralda sebitden maglumat berdi.


“Ýerli uçuşlar üçin biletleri tapyp bilmeýän türkmenabatlylar welaýatyň halkara howa menzilinde gije-gündiz nobata durýarlar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Bu ýere üýşüp, ýurduň beýleki sebitlerine uçmaga çalyşýan adamlaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda bilet tapdyrmaýar.


“'Saraý' mobil goşundysynda hem biletler satylýardy, ýöne ol ýerde hem bilet ýok. Kassadaky işgärler hem, ‘baryň, oflaýyn satylmaly biletleriň sany gutardy, onlaýyn satyn alyň’ diýip goýberýärler” diýip, türkmenabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.




Şol bir wagtda, biletler wagtal-wagtal satuwa çykarylýar.


Ýöne ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, kassa işgärleri ýa-da kassanyň töweregindäki käbir adamlar bu biletleri “diňe iň köp para beren ýolagçylara” satýarlar.


“Ähli zady auksiona öwürdiler. Kim köpräk puly berse, şol hem bileti satyn alyp bilýär. “Ýokarda” tanyşlary bolanlar hem göni Aşgabadyň üsti bilen biletleri alýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy biletler üçin berilmeli paranyň kesgitli mukdarynyň ýokdugyny belledi.


Şol bir wagtda, maýyplygy bolan lebaplylaryň birnäçesi maýyplyk derejesi bolan raýatlaryň howa menziliniň başlygyna arza ýazmak bilen bilet satyn alyp bilýändigini aýtdy.


Bu aralykda, ençeme sagatlap ýa-da bir-iki günläp nobata durýan adamlaryň arasynda basa-baslyk we dawa-jenjeller hem döreýär.


Olar biletleriň döwlet bahasyndan birnäçe esse köp para beren adamlara bilet satylýandygyny aýdyp, kassalaryň öňünde dawa edýärler.


Bu adamlar howa menzilindäki polisiýa işgärleriniň haýbatlary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olar adamlara gygyryp, kemsidiji sözleri hem aýdýarlar.


“Kassanyň öňünden aýrylyň, özüňizi bir süri mal ýaly alyp barmaň. Kassanyň öňünde nobata duranyňyz bilen bilet öz-özünden döremeýär. Gaharymy getirseňiz OMON-y, pitnäni basyp ýatyryjy gulluklary çagyraryn” diýip, ýaşaýjy polisiýa işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.


Muňa garamazdan, nobata duran adamlaryň sany azalmaýar.


Howa menziliniň resmileri bilet ýetmezçiliginiň sebäbini aç-açan düşündirmeýärler.




Ýöne ýaşaýjylar gytçylygyň howa menziliniň administrasiýasy tarapyndan, “bikanun goşmaça gazanç etmek maksady” bilen, emeli ýagdaýda döredilýändigine ynanýarlar.


Bu aralykda, şu hepdäniň başynda Aşgabatdan Türkmenabada gelen lebaply ýaşaýjy bilet gytçylygynyň arasynda, ýerli uçuşlary amala aşyrýan uçarlaryň içiniň ýolagçylardan doly dolmaýandygyny aýdýar.


“Uçaryň ýarysy boşdy” diýip, ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Azatlykda bu ýaşaýjynyň anyk haýsy günde we reýsde uçandygy barada doly maglumat bolsa-da, redaksiýa howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.


Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Türkmenabadyň howa menzilinden we “Türkmenistan” awiakompaniýasyndan teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Türkmenistanda sebitara transport kynçylyklary, ýagny uçar, otly we awtobus biletleriniň ýetmezçiligi geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ýüze çykyp başlady.


Türkmenistanda sebitleriň arasynda amala aşyrylýan otly, uçar we awtobus hyzmatlary köplenç bildirilýän talaplary ödäp bilmeýär. Bu ýagdaý, hususan-da, baýramçylyklaryň öň ýanynda ýitileşýär. Bu bolsa, biletleriň satuwynyň töwereginde “para-berimiň möwjemegine” getirýär. Raýatlar biletleriň döwlet bahasynyň üstüne ýene birnäçe essesini tölemeli bolýandyklaryny aýdyp gelýärler.


Türkmen häkimiýetleri we mediasy onýyllyklaryň dowamynda saklanyp galýan bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.