Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Türkiýede türkmen oppozisiýa aktiwisti Umida Bekjanowa Türkmenistana ekstradisiýa edilmek howpy abanýar. Türk häkimiýetleri HSM Habarlary Telegram kanalynyň hem-de HSM we TAGA YouTube kanallarynyň awtory we redaktory Umida Bekçanowanyň bu ýurtda ýaşamak rugsadyny ýatyrypdyr.
Türkmen blogeri Umida Bekjanowa özüniň Türkiýede ýaşamak üçin resmi rugsadynyň ýatyrylandygyny ýanwar aýynyň aýagynda bilip galypdyr. Oňa bu barada bankdan habar berlipdir.
"Bankdan 20-nji ýanwarda habar aldym. Ol ýerde maňa registrasiýamyň ýatyrylandygy habar berdiler. Şeýle hem, munuň 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda bolandygyny düşündirdiler. Men aklawçy bilen habarlaşdym. Ol türk Migrasiýa gullugyna haýyş bilen ýüzlendi we olar 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda meniň registrasiýamyň ýatyrylandygyny resmi taýdan tassykladylar" diýip, Umida Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Türkiýede kanun esasynda ýaşan türkmenistanly zenanyň ýaşamak rugsadynyň dört aýa golaý wagt mundan ozal ýatyrylandygy barada oňa habar berilmändir.
Umida Bekjanowanyň sözlerine görä, onuň aklawçysy Türkiýäniň migrasiýa häkimiýetlerine ýüz tutanda onuň registrasiýasyny ýatyrmak baradaky kararyň resmi sebäbi düşündirilmändir, emma Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň ýüzlenmesi bilen baglydygy resmi däl görnüşde agzalypdyr.
"Migrasiýa gullugy Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň haýyşy boýunça registrasiýamyň ýatyrylandygyny adwokata resmi däl görnüşde habar berdi. Berdimuhamedow režimini tankytlaýanlary tussag etmek we Türkmenistana ugratmak üçin Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda gizlin ylalaşyga gelnendigini bilýärin. Bu ylalaşygyň çäginde birnäçe ýoldaşymyz, şol sanda Merdan Muhammedow eýýäm Türkiýeden gizlin ekstradisiýa edildi" diýip, Bekjanowa aýtdy.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyndan resmi teswir almak synanyşygy başa barmady.
Umida Bekjanowa HSM Habarlary Telegram kanalynyň hem-de HSM we TAGA YouTube kanallarynyň awtory. Öz ady bilen açyk çykyş edýän blogeriň alyp barýan gepleşiklerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň içinde we daşynda duçar bolýan ýagdaýlary barada habar berilýär we agyr problemalar gozgaýar. Onuň YouTube kanalyna onlarça müň adam ýazylýar.
Umida Bekjanowa türkmen häkimiýetleriniň ençeme wagt bäri Türkmenistandaky ýakynlarynyň üsti bilen özüne basyş görkezýändigini aýdýar. Bloger oglunyň galp aýyplamalar esasynda türme tussaglygynda saklanýandygyny gürrüň berdi.
"Türkmen häkimiýetleri geçen ýyl 24 ýaşly oglumy galp aýyplamalar bilen tussag etdi. Ol ogurlykda aýyplandy. Türmede oglumyň saglygy agyrlaşdy. Onda böwrek keseli bar we ol peşewiň saklanmazlygyndan ejir çekýär. Oňa azyk we derman bilen goldaw bermek üçin wagtal-wagtal öýe pul iberýärin we türme işgärleriniň ogluma bolan garaýşyny ýumşatmak üçin men para bermäge mejbur bolýaryn. Oglum türmeden pul ugratmagymy haýyş edip yzygiderli SMS iberýär" diýip Bekjanowa aýdýar.
Umida Bekjanowa Türkmenistandaky ýagdaýy üýtgetmek üçin oppozisiýa işjeňliginiň ýoluny saýlandygyny aýtdy:
"Syýasy işjeňligimiň ýeke-täk maksady, Türkmenistanda bar bolan umytsyz ýagdaýy üýtgetmek. Bu ýoly özüm üçin däl, çagalarym üçinem saýladym. Kadaly bir ýurtda ýaşap biler ýaly. Men özümi alada etmeýärin. Şonuň üçin üç ýyl ozal ýüzümi görkezip, režimi aç-açan tankytlap başladym. Türkmenistanda maňa näme garaşýandygyny bilýärin we olaryň eline diri düşmek islemeýärin".
Türkmen blogeri özüni goramak üçin Türkiýäniň suduna ýüzlenmekçi bolýar.
"Özümi kanuny ýollar bilen deportasiýadan goramak üçin, häzir aklawçy bilen bilelikde migrasiýa gullugynyň registrasiýamyň ýatyrmak kararyna garşy çykmaga synanyşýaryn. Howpsuzlyk sebäpli, öýden çykmazlyga çalyşýaryn, ýöne ýörite gulluklaryň tanyşlarymyň üsti bilen nirededigimi anyklamaga synanyşýandygyny bilýärin" diýip, Umida Bekjanowa Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Türkmenistanyň hökümetini açyk tankytlan türkmen raýatlarynyň ençemesi 2023-nji ýyldan bäri Türkiýeden we Orsýetden gizlin ýagdaýda watanyna ugradyldy. Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow bar.
2024-nji ýylyň dowamynda Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa birnäçe gezek Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Adam hukuklaryny goraýjylaryň we aktiwistleriň alyp baran kampaniýasy netijesinde, ol deportasiýadan halas boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.