ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Günbatara seredýän Türkmenistan Türkiýä gaz iberip başlar - Metbugat

0
Türkmenistan gelýän aýda Eýranyň üsti bilen Türkiýä gaz iberip başlar, Merkezi Aziýa ýurdy öz gaz eksportynyň köp bölegini günbatar tarapa gönükdirmäge synanyşýar diýip, AFP 11-nji fewralda habar berdi. Ýöne ne Aşgabat, nede Tähran Eýranyň üstünden iberiljek gazyň mukdaryny anyklaşdyrdy.


Daşy gury ýer bilen gurşalan döwlet soňky ýyllarda, Türkiýäniň möhüm köpri hökmünde hereket etmegi bilen, Ýewropa bazaryna energiýa satmak isleglerini bildirdi diýip, habarda Türkmenistanyň dünýäde gaz gorlary boýunça dördünji orunda durýandygy we öz gazyny esasan Hytaýa satýandygy bellenýär.


"Ylalaşygyň çäginde 2025-nji ýylyň 1-nji martynda gaz akymynyň başlanmagy meýilleşdirilýär" diýip, Türkiýäniň energiýa ministri Alparslan Baýraktar X sosial media platformasynda aýtdy.




Onuň sözlerine görä, türk döwletiniň energiýa firmasy BOTAŞ bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni arasynda gol çekilen şertnama Türkiýäniň we sebitiň tebigy gaz üpjünçiligi babatdaky howpsuzlygyny güýçlendirer.


Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy fewralda Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefonda gürleşende, başga meseleleriň arasynda, türkmen gazynyň Eýranyň üstünden Türkiýä iberilip başlanjakdygyny hem tassyk etdi.


Ýöne bu iki ýurduň hiç biri Eýranyň üstünden iberiljek gazyň mukdaryny anyklaşdyrmady.


Habarda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisiniň geçen ýyl aýdan sözlerine salgylanyp aýdylmagyna görä, Ankara gelýän 20 ýylda ýurt içinde sarp etmek we Ýewropa bazarlaryna ibermek üçin Eýranyň üsti bilen 300 milliard kub metr türkmen gazyny import etmegi meýillendirýär.


Şu aralykda, “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara ylalaşygynyň taslamasy maslahatlaşyldy . Türkmen DIM-niň web sahypasy bu barada 11-nji fewralda habar berdi.


10-njy fewralda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly, dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi.


Taraplar ýük gatnawlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän ähli tarap, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleler barada pikir alyşdylar.


Şeýle-de, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, taraplar sanly tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.


“Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakyndaky hökümetara ylalaşygyna, habarda aýdylmagyna görä, şu ýyl gol çekilmeli.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.