ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Tramp Mark Fogel bilen duşuşdy we ýene bir ABŞ raýatynyň boşadyljakdygyny aýtdy

0
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 11-nji fewral agşamy Ak tamda rus türmesinden boşadylan Mark Fogel bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeşlik wagtynda ýene bir ABŞ raýatynyň ýakyn wagtda tussaglykdan boşadyljakdygyny aýtdy.


Tramp Russiýada iş kesilen amerikalynyň maşgala agzalarynyň özüne saýlaw kampaniýasy döwründäki ýygnanyşyklarynyň birinde ýüz tutup, Fogeli boşatmak üçin kömek sorandygyny gürrüň berdi.


Žurnalistler ABŞ-nyň prezidentiniň Wladimir Putin bilen gürleşendigi ýa-da gürleşmändigini soranda, Tramp göni jogap bermän, "Russiýanyň Markyň öýüne gelmegine ýol açan işlerine ýokary baha berýändigini" aýtdy.


Tramp ýakyn wagtda ýene bir tussagyň boşadyljakdygyny aýdyp, Fogeliň boşadylmagynyň şertleriniň "gaty adalatlydy” bolnaydygyny belledi. Ýöne ol boşadyljak tussagyň kimdigini aýtmady.


Döwlet sekretary Marko Rubio Fogeliň tussaglykdan boşadylmagynyň "beýleki amerikan raýatlarynyň şindem Russiýada tussaglykda galýandygyny ýatladýandygyny" we prezident Trampyň "olaryň ählisini öýlerine getirmegi maksat edinýändigini" aýtdy.


Fogel 2021-nji ýylyň awgust aýynda Moskwanyň Şeremetýewo howa menzilinde tussag edildi. Onuň ýanyndan neşe serişdeleri çykdy we, gaçakçylykda günäli tapylanyndan soň, Fogele 14 ýyl iş kesildi.


Ol tussag edilende Moskwadaky iňlis-amerikan mekdebiniň mugallymy bolup işleýärdi.