ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

“Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini gurmak maslahatlaşylýar

0
“Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara ylalaşygynyň taslamasy maslahatlaşylýar diýip, Türkmen DIM-niň websahypasy 11-nji fewralda habar berdi.


10-njy fewralda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly, dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi.


Taraplar ýük gatnawlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän ähli tarap, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleler barada pikir alyşdylar.


Şeýle-de, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, taraplar sanly tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.


“Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakyndaky hökümetara ylalaşygyna, habarda aýdylmagyna görä, şu ýyl gol çekilmeli.