Britan uniwersiteti türkmen ÝOJ-lary bilen hyzmatdaşlyk eder
Britaniýanyň “University of St Andrews” ýokary okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 11-nji fewralda geçirilen wideo söhbetdeşliginde hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, “Türkmenportal” resmi maglumata salgylanyp habar berýär.
Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Dașary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary gatnaşdylar.
Wideo arkaly geçirilen duşuşykda Britaniýanyň 1413-nji ýylda döredilen “University of St Andrews” atly ýokary okuw mekdebiniň uly mugallymy, “Institute of Middle East, Central Asia and Caucasus Studies” bölüminiň direktory, doktor Matteo Fumagalli çykyş etdi.
Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýola goýup boljak aragatnaşyga gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy we, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi bilen gönümel hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklibi öňe sürüldi diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de, britan tarapynyň türkmen wekillerini Șotlandiýada ýerleşýän “University of St Andrews” ýokary okuw mekdebine çagyrandyklary bellenýär.