ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Türkmenbaşyda okuwçy gyzlarda “ahlak päkiligi” atlandyrylýan ginekologiýa barlagy geçirilýär

0
Balkanyň Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdeplerinde okuwçy gyzlar “ahlak päkiligi” atlandyrylýan mejbury ginekologiýa barlagyndan geçirilýär. Nobatdaky barlaglarda gyzlardan mazok hem alnyp, olarda jynsy ýollar arkaly geçýän ýokanç keselleriň bardygy ýa-da ýokdugy barlanýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji fewralda sebitden maglumat berdi.


“5-nji fewralda şäheriň 2-nji, 3-nji, 5-nji we 10-njy mekdeplerinde geçirilen barlaglara zenan polisiýa ofiserleri hem gatnaşdy. Barlaglar okuw wagtynda, mekdepleriň boş duran klaslarynda geçirildi” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Onuň tassyklamagyna görä, mekdepleriň 8-nji klasdan ýokary synplarda okaýan okuwçy gyzlarynda geçirilýän barlaglar welaýat kazyýetiniň sebitiň bilim bölümine beren tabşyrygy esasynda geçirilýär.




“Barlaglar mejbury bolup, gyzlaryň razylygyna ýa-da garşylygyna garamazdan, olaryň ählisinde gyradeň geçirilýär. Hiç kim garşylyk görkezip bilmeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly okuwçy gyz anonimlik şertinde aýtdy.


Bilim işgärleriniň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, barlaglaryň geçirilmegine “soňky aýlarda welaýatda okuwçylar arasynda ten söwdasyny edip, jynsy ýollar arkaly geçýän ýokanç keselleriň ýokuşandygynyň anyklanmagy bilen bagly wakalaryň köpelmegi sebäp boldy.


“Şu sebäpli gyz okuwçylardan mazok barlagy hem alnyp, päklik barlagy geçirilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Bilim işgärleri barlaglary geçirýän topara salgylanyp, soňky aýlarda mekdep okuwçylarynyň arasynda göwreli galýan gyzlaryň sanynyň hem köpelendigini belleýärler.


“Soňky dört aýda welaýat boýunça göwreli galan okuwçy gyzlaryň sany 15-e ýetipdir. Bu diňe anyklanan wakalar bolup, abort etdirýän okuwçy gyzlaryň sany hem aşa köpelipdir” diýip, bilim işgäri belledi.


Onuň tassyklamagyna görä, jynsy gatnaşykda bolandygy we jynsy ýollar arkaly geçýän ýokançylygyň bardygy anyklanan gyzlaryň aglabasynyň ene-atasy daşary ýurtlarda zähmet çekýär, ýa-da olar aşa garyp hojalyklaryň çagalary bolýar.


"Häkimiýetler bu gyzlary anyklap, olary hasaba alýarlar we içerki gara sanawa goşýarlar. Bu gyzlar ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girip bilmeýärler. Şeýle-de, olaryň daşary ýurtlara çykmagyna hem rugsat bermeýärler" diýip, bilim işgäri belledi.


Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda welaýat häkimliginden we Bilim müdirliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Bu aralykda, Türkmenbaşynyň Ene mähri hassahanasynyň bir lukmany bu lukmançylyk edarasynyň çaga doguryş bölüminde käbir lukmanlaryň okuwçy gyzlary abort etmek arkaly uly möçberde bikanun gazanç edýändigini aýtdy.


“Bu lukmanlaryň ýokary edaralarda tanşy, arkasy bolup, olar her bir okuwçydan 10 müň manat para alýarlar. Hatda okuwçy gyzlar 5 aý we ondan uly göwrelilik bilen gelen halatynda, “gyz ýatgysynda howply kista bar” diýen galp diagnoz goýup, operasiýa ýoly bilen çagany aýyrýarlar” diýip, türkmenbaşyly lukman anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Azatlygyň bu hassahana bilen telefon arkaly habarlaşyp, resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Türkmenistanyň abort kanunçylygy islenilmeýän göwreliligiň aradan aýrylmagyny kynlaşdyrýar. Ýurtda 2022-nji ýylda güýje giren kanun göwreli zenanlaryň abort etmegini bäşinji hepdesinden soň gadagan edýär. Bu ýagdaý, zenanyň islenilmedik göwreliligi togtatmak mümkinçiligini berk çäklendirýär.


Soňky ýedi ýyla golaý wagt bäri häkimiýetler okuwçy gyzlary mejbury ginekologiýa barlagyndan geçirýärler. Bu çäreler ýylda bir gezek, käte-de iki gezek duýdansyz geçirilýär.


Habarçylarymyz barlaglaryň gyzlaryň arasynda göwrelilik hadysalarynyň we ykdysady ýagdaýy pes maşgalalarda ýetginjek gyzlaryň ten satmaga meýil etmegi ýaly wakalaryň köpelmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.


Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetler mekdeplerde lukmanlaryň, polisiýa işgärleriniň we ýaşuly nesliň gatnaşmagynda ýygnaklary hem geçirýärler. Köplenç diňe gyzlar bilen geçirilýän bu ýygnaklarda “ahlak” temasy gozgalýar.


Bu aralykda, balkanly bilim işgärleriniň ençemesi häkimiýetleriň bu çäreler arkaly ýaşlaryň arasynda ten söwdasynyň ýaýramagynyň öňüni alyp bilmejekdigini aýdýar.


“Häkimiýetler munuň öňüni almak üçin okuwçylaryň ene-atasynyň aýlyk gazançlaryny köpeldip, çagalaryň daşary ýurtdaky ene-atalary ýurda gaýdyp geler ýaly, olaryň çagalarynyň terbiýesine özleri gözegçilik eder ýaly şert döretmeli” diýip, bilim işgäri belledi.


Şeýle-de, ol okuwçy gyzlaryň ten söwdasy bilen meşgullanýandygy anyklananda, onda olaryň synp ýolbaşçylarynyň, mekdep direktorynyň we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarynyň günäli tapylýandygyny belläp, şeýle diýdi:


“Adalatly çemeleşmeli bolsa, bu zatlara Arkadag we oglunyň iş başarmazlyk syýasaty günäkär” diýip, ol sözüni jemledi.


Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu barlaglar we olaryň sebäpleri barada mesele gozgap, aç-açan habar bermeýärler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.