Türkmenistanda Orsýete gatnaýan uçarlara isleg artýar, 'araçy' hilegärleriň duzagyna düşýän adam köpelýär
Türkmenistanda Orsýete gatnaýan uçarlara uly isleg saklanýar. Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy Orsýete uçar gatnatmagyny bes edensoň rus S7 şirketi iki ýurduň arasynda uçar gatnawyny üpjün edýän ýeke-täk awiakompaniýa bolup, onuň biletleri has gymmat bolsa-da, tiz satylyp gutarýar. Bu aralykda Orsýete gitmäge mümkinçilik gözleýän türkmenistanlylar arzan bilet satyn alyp bermekde ýardam hödürleýän hilegärleriň aldawyna düşýär.
"Russiýa gitmekçi bolýanlar S7 awiakompaniýasynyň uçarlarynyň biletlerini arzan bahadan tapyp bermek wadasyny berýän hilegärleriň duzagyna düşýärler we ençeme pullaryny aldyrýarlar. Türkmenabat şäheriniň polisiýa bölümine resmi arzalar hem gelip gowuşdy, emma polisiýa işgärleri arz edýänlere ýardam edip bilmeýärler” diýip şäheriň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşme anonimlik şertinde aýtdy.
Çeşme näme sebäpden polisiýa işgärleriniň raýatlaryň edýän şikaýatlaryny seljerip, hilegärleri jogapkärçilige çekip bilmeýänliginiň sebäplerini düşündirip bilmedi.
Uçar biletlerini satyn alyp bermegi wada berýän araçylaryň aldawyna düşýän adamlaryň sanynyň köpelmegi bilen bagly ýagdaýlar diňe bir Lebapda däl, Aşgabat we Mary welaýatlarynda hem ýüze çykypdyr. Bu barada bu welaýatlardaky çeşmeler hem-de Russiýada ýaşaýan türkmen migrantlary gürrüň berdiler.
Ýaňy-ýakanynda Aşgabada uçmakçy bolan Russiýadaky türkmen migranty Azalky bilen gürrüňdeşlikde, şeýle araçynyň hyzmatyndan peýdalanmakçy bolanda 35 müň rubl puluny aldyrandygyny gürrüň berdi.
“Telegramda türkmen dilli toparlarda we VKontakte ulgamynyň türkmen dilli toparlarynda bilet alyp bermeklikde ýardam etmegi wada berýänleriň mahabatlarynyň sany gaty kän. Men şeýle mahabaty ýaýradan adama ýüzlendim, ol maňa Türkmenistandaky käbir kompaniýalaryň üsti bilen arzan bahadan S7-niň biletini almaga kömek etjekligini wada berdi we hyzmaty üçin 150 dollar möçberinde pul aljakdygyny aýtdy. Emma soňunda pulymy alyp, ýitip gitdi" diýip, anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan türkmen migranty aýtdy.
Orsýetiň S7 awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda biletleriň bahalary dürli, ekonom klasyň iň arzan biletleri 19-njy fewrala bar diýlip, görkezilýär we Aşgabatdan Moskwa barýan uçara biletiň nyrhy 610 ýewro. 20-nji fewralda Moskwadan Aşgabada barýan reýse 27 093 rubldan bilet bar diýlip görkezilýär.
S7 kompaniýasynyň websaýtyndaky maglumata görä, 9-njy fewraldaky reýse hem bilet bar, emma diňe biznes klasa, onuň bahasy 85603 we 138303 rubl aralygynda. Bu 7-nji fewralyň alyş-çalyş kursuna görä, 883 we 1427 amerikan dollaryna barabar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeler türkmen raýatlarynyň biletleri arzanrak satyn almak we puluny tygşytlamak üçin araçylaryň kömeginden peýdalanmak isleýändiklerini aýdýarlar.
Şeýle-de, Türkmenistandan Orsýete gitmekçi bolýan raýatlar, Russiýanyň S7 howa kompaniýasynyň biletlerini Aşgabatdan satyn almakda kynçylyk çekýändiklerini gürrüň berýärler. Olaryň sözlerine görä, biletleri satyn almak üçin Orsýetiň bank hasaby gerek, türkmen bank kartlaryndan töleg geçmeýär.
“Biz Russiýada ýaşaýan garyndaşy bolan tanyşlary gözleýäris. Olaryň rus banklarynda hasaplary bolsa kompaniýanyň resmi saýtynda bilet alyp berýärler. Emma tanyş tapyp bilmedikler bolsa galp araçylaryň aldawyna düşýär” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy S7 awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky we Moskwadaky edaralaryndan telefon üsti bilen teswir alyp bilmedi.
Türkmenistandan Russiýa uçuşlary "Türkmenistan" awiakompaniýasy we Russiýanyň S7 howa gatnawy amala aşyrýar. Emma geçen ýylyň aýagynda “Türkmen Howaýollary” Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky uçar gatnawlaryny togtatdy.
Şonda uçar gatnawlarynyň 2024-nji ýylyň 30-njy dekabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli bolmajakdygy aýdylypdy, ýöne bu karara gelinmeginiň hiç bir sebäbi görkezilmändi. Yzýany “Türkmen Howaýollary” Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň togtadylan möhletini mart aýyna çenli uzaltdy.
S7 howa ýollary Moskwa we Aşgabat aralygynda hepdede 7 gezek, ýagny günde bir gezek uçar gatnatdy, emma onuň ýaňy-ýakynda Orsýetiň Federal Howa transport gullugyndan hepdede 14 gezek Moskwa-Aşgabat gatnawlaryny amala aşyrmak üçin rugsat alandygy belli boldy. Bu barada Orsýetiň Interfaks habar agentligi "Rosawiasiýa" gullugyna salgylanyp, 28-nji ýanwarda habar berdi.
Türkmenistandan Russiýa syýahatçylaryň sany soňky iki ýylda 16 esse artypdyr, köpüsi zähmet migrantlary diýip, Turkmen.news neşiriniň 6-njy fewralda çap eden maglumatynda aýdylýar.
Orsýetiň Serhet gullugynyň statistikasyna salgylanmak bilen çap edilen maglumata görä, 2024-nji ýylda Russiýa gelen syýahatçylaryň sany boýunça Türkmenistan ilkinji 5 ýurduň hataryna girýär. 2023-nji ýylda türkmen syýahatçylary Russiýa 34,7 müň gezek giren bolsa, 2024-nji ýylda 57,4 müň gezek giripdir, ýagny ozalky ýyldan 65,3% köpelipdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.