MHM Maryda multimedia mahabatlaryny nyşana alýar, telekeçiler sorag edilýär
Mary welaýatynda Instagram, YouTube we TikTok ýaly sosial ulgamlarda mahabat ýerleşdirýän telekeçiler, dükan eýeleri Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edaralary tarapyndan soraga çekilýär. Häkimiýetler şeýle mahabatlaryň mazmunyny sorag astyna alyp, telekeçilerden para soraýar.
“Men gül söwdasy bilen meşgullanýaryn. Dükanymdaky satlyk güllerimi reklama edip, wideo düşürdim we sosial mediada paýlaşdym. MHM-niň üç işgäri gelip, seniň reklamaňda biziň ýurdumyzyň talaplaryna laýyk gelmeýän sözler, hereketler we harytlar bar, Internetden aýyrmaly bolarsyň’ diýdiler” diýip, ýerli telekeçi aýdýar.
Türkmenistanda sosial torlar, şol sanda Instagram we TikTok ýaly ulgamlar petik astynda galýar. Adamlar bu saýtlardan peýdalanmak üçin VPN ulanmaly bolýarlar. Muňa garamazdan, ilat arasynda Internet işjeňligi artýar, bu ýagdaýlara aýakdaş, sosial torlarda mahabat medeniýeti ýaýbaňlanýar.
“Men gül satýaryn, reklamalarda ýurdumyzy tankytlamaýaryn, diňe gül dükanymyň ýerleşýän ýeri hem-de owadan gül desseleriniň bahalary barada maglumat berýärin. Ýöne maňa ‘bahalary gymmat aýdypsyň, aýdanyňda elýeterli nyrh aýt, Türkmenistan döwletimizde ortaça aýlyga ençeme gül desselerini satyn alyp bolýandygyny görkezmeli bolarsyň’ diýdiler” diýip, ýerli telekeçi howpsuzlyk işgärlerine salgylanýar.
Ol özüniň dürli görnüşli bägülleriň her dänesini 15-50 manat aralygynda satyn alyp, olary 3-5 manat bahadan mahabatlandyrmaga gaýratynyň we gurbunyň çatmaýandygyny aýdýar.
“Pul kynçylygyny çekip, gül satyn almaga gurby çatmaýan adam, men näçe arzan satsam-da gül satyn almaýar, satyn alyp bilmeýär” diýip, gül söwdasy bilen meşgullanýan ýerli telekeçi aýdýar.
Mary welaýatynda gül söwdasy boýunça sosial media mahabatlarynyň ýaýbaňlanmagy Türkmenistanda soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda ýoň bolup başlan Keramatly Walentin gününiň öňüsyrasyna gabat gelýär.
Gül söwdagäri howpsuzlyk işgärleri bilen geçiren gürrüňdeşliginiň yz ýany, özüniň Internetde ýerleşdiren mahabat häsiýetli wideolaryny pozmaga razy bolandygyny aýdýar, ýöne onuň bu teklibi hem häkimiýetlerden garşylyk görýär.
“Ýok, bozma diýdiler. Oňa derek, biz bilen işleşseň, para berseň, işiň ugruna bolar, baýramçylyk günlerinde adamlar seniň dükanyňdan söwda ederler, biz şol zatlaryň aladasyny ederis” diýip, ýerli telekeçi howpsuzlyk işgärleriniň özüne aýdan sözlerini getirýär.
“Eger razylaşmasaň, agryňa çydasaň müň ýaşa diýdiler” diýip, telekeçi aýdýar. Ol şondan soň özüniň bu dükandan häkimiýetler tarapyndan gysylyp çykarylandygyny aýdýar.
Welaýatda ýaňy-ýakynda bolup geçen şuňa meňzeş beýleki bir waka tamdyr somsaçylarynyň başyna gelipdir. Ýöne bu wakada multimedia mahabatlary boýunça içeri işler edaralarynyň işgärleri somçasylara basyş edipdir.
Tamdyrda somsa bişirip satýan maryly telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde raýat eşikli içeri işler işgäriniň somsalaryň mahabat wideosyny Internetden aýyrmagy özünden talap edendigini aýdýar.
“Men somsalarymy mahabatlandyryp wideo düşürdim, ýöne hukuk goraýjy işgär gelip, bu wideoda näsazlyklaryň bolandygyny, olary Internetden aýyrmagymy talap etdiler” diýip, telekeçi aýdýar.
Ýöne onuň sözlerine görä, häkimiýetler biraz soň gaýdym edip, talaplaryny täzeleýär.
“Wideo düşür, reklama goý, reklama etseň, bu gün 50 somsa satýan bolsaň, ertir 100 somsa satarsyň, birigün 150 somsa satarsyň, ýöne şolardan günde 20 somsany bize berseň, düşürýän wideolaryňa we reklamlaryňa göz ýumular” diýip, ýerli telekeçi hukuk goraýjynyň özüne aýdan sözlerini sitirleýär.
Gülçi telekeçiden tapawutlylykda tamdyr somsaçysy häkimiýetler bilen ylalaşypdyr, ýöne muňa garamazdan, ol somsa söwdasynyň şol öňküliginde galandygyny aýdýar.
“Men wideo reklamalardan öň-de günde 50-60 somsa satýardym, soň-da 50-60 somsa satýaryn, üýtgän zat bolmady” diýip, somsaçy aýdýar.
Azatlyk Radiosy bilen aýrybaşga gürrüňdeş bolan beýleki bir türkmenistanly telekeçi hem multimedia mahabatlary boýunça häkimiýet gözegçiliginiň güýçlenendigini tassyklap, howpsuzlyk işgärleriniň şeýle mahabatlar boýunça telekeçileri ala tutýandygyny aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça hukuk gorýjy edaralardan resmi teswir alyp bilmeýär.
Ýurtda multimedia mahabatlary 2016-njy ýylda kabul edilen “Mahabat hakynda” Türkmenistanyň kanuny bilen düzgünleşdirilýär.
Käbir harytlaryň hem-de hyzmatlaryň, şol sanda alkogolly içgileriň, temmäki önümleriniň, neşe serişdeleriniň, energiýa beriji içgileriň, pornografik materiallaryň, göwreliligi emeli ýol bilen aýyrmak boýunça lukmançylyk hyzmatlarynyň, ýaraglaryň we harby maksatly önümleriň, kazinolaryň, humar oýunlarynyň, massaž hyzmatlarynyň, hem-de palçylaryň we ekstrasensleriň hödürleýän hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagy Türkmenistanda gadagan edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.