Maryda arassaçylyk işleri bat alýar, guran agaçlara ýaşyl boýag çalynýar
Mary welaýatynda güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri Mary şäherinde käbir ýollaryň bejerilýändigini we olaryň gyralaryndaky baglary timarlamak we gurap duran agaçlaryň görküni gowulandyrmak üçin jemagat gulluklaryň işgärleriniň olara ýaşyl reňkli boýag çalýandygyny gürrüň berdi.
"Marynyň esasy obýezdnoý ýolunyň ugruna we howa menziliniň golaýyna üns berilýär. Howa menziliniň golaýyndaky baglaryň düýbi arassalanyp, ak reňk çalynýar, otlar çapylýar, guran arça baglar ýaşyl reňklere boýalýar" diýip, marydaky çeşmeleriň biri 7-nji fewralda gürrüň berdi.
Arassaçylyk işlerini geçirýän jemagat gulluklaryň işgärleri guran we saralan agaçlaryň görküni tazelemek üçin olary bir-birden ýaşyl reňke boýap çykýarlar.
Agaçlary reňklemek, köçeleri ýuwup-arassalamak boýunça batly depginde geçirilýän işler howa menzilinden gaýdýan ýoluň ugrunda we käbir esasy köçelerde göze ilýär.
"Kimiň geljegi aýdylmaýar, emma kim gelýänem bolsa, howa menzilinden obýezd ýolundan geçmeli" diýip, arassaçylyk işlerine gatnaşýan çeşme aýdýar.
Marydaky häzirki arassaçylyk işleriniň sebäbini şäheriň häkimiýetlerinden resmi görnüşde anyklap bolmady. Azatlygyň häkimlige eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeler bolsa, adatça arassaçylyk işlerini geçirmek barada ýokardan berilýän tabşyryklaryň ýurt ýolbaşçylarynyň saparlaryna garaşylan wagtyna gabat gelýändigini bellediler.
"Biz arassaçylyk işlerini geçirmeli bolýarys. Ýöne bul göz boýagçylyk. Gelýän kimem bolsa, ol akmak bolmaly ýa-da 'halk bilen işim ýok, diňe meniň ýörejek ýolum arassa bolsun' diýän biri bolmaly" diýip, maryly arassaçylyk işgäri aýdýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan Mary şäheriniň ýaşaýjylary arassaçylyk we abadançylyk işleriniň mydama paýtagtdan ýokary derejeli ýolbaşçylaryň ýa-da barlagyň geljek wagtynda ýerli häkimiýetleriň ýadyna düşýändigini belleýärler.
Üns berilýän ýerler esasan aeroportdan gelýän ýol, şäheriň merkezi we şäheri etaplar bilen birleşdirýän uly ýollar bilen çäklenýär.
Maryly ýaşaýjylar ilat köpçüliginiň ýaşaýan ýerleriniň abatlanmaýandygyny aýdyp, şol sanda sandan çykan ýollaryň, ýaşaýyş jaýlaryň töwereklerindäki hapaçylygyň häkimiýetleriň gözüne düşmeýändiginden nägile bolýarlar.
"Käşkä gelýän ýolbaşçy ol ýoldan düşüp, beýleki ýollaryň etraplardaky ýollaryň halyndan habar alsady. Halkyň nähili köçelerden gatnamaly, nirede ýaşamaly bolýandygyny bilsediler" diýip, Mary şäheriniň ýaşaýjysy aýtdy.
Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde Mary welaýatyna haýsy-da bolsa bir ýolbaşçynyň saparyna garaşylýandygy ýa-da resmi çärä taýýarlyk görülýändigi barada maglumat bolmady.
Mary welaýatynda giň gerimli arassaçylyk işleri iki hepde mundan ozal hem göze ilipdi.
Ýanwaryň aýagynda ýerli häkimiýetleriň görkezmesi boýunça welaýatyň birnäçe böleginde köçeleri ýuwmak, bazarlaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň töwerek daşyny tämizlemek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylypdy. Şonda hem ýerli çeşmeler ýokary derejeli ýolbaşçylaryň welaýata sapar etmegine garaşylandygyny aýdypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.