ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Salam, Dogan! 'Gizlin öýsüzligiň' jebrini çekýän 'köpelýär' (2-nji bölüm)

0
Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 65-nji maddasynda “özi bilen bile ýaşap bir ýa-da şondan köp kämillik ýaşyna ýetmedik çagany bir özi terbiýeleýän ene (ata) ...ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak babatda döwletiň goldawyna mätäç raýatlaryň toparyna degişli” diýilýär. Emma muňa garamazdan, Türkmenistandaky ‘gizlin öýsüzlik’ barha kän maşgalany alada goýýar, sebäbi, Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, döwletden jaý almak üçin “ýa zor, ýa-da zer gerek”. Şol bir wagtda, jaý ýagdaýynyň gowulaşdyrylmagyna mätäç ýalňyz eneleriň anyk sany aýdylmaýar.


Türkmen metbugaty sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri sarpalamaga, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagyna bagyşlanan dabaralar barada yzygiderli habar berýär, emma migrant eneleriň sosial mediada gozgaýan jaý meseleleri barada hiç zat aýtmaýar.


Azatlyk radiosy, sosial mediada öýsüz eneleriň düşen agyr ýagdaýy barada edilýän gürrüňleri nazara alyp, “Salam, Dogan!” gepleşiginiň iki sanyny kömege mätäç eneleriň jaý meselesine bagyşlady.


“Bir maşgalany bilýärin, iki çagasy bar, olaryň biri keselli. Bu çaga zol ideg, leçeniya gerek bolýar. Adamsy bu çaga doglanyndan soň öz maşgalasyndan sowaşdy, başga aýal tapynyp, dürli bahana bilen gelnini öýden kowdy, suda arza berip, onuň bilen aýrylyşdy. Çagalar ejesinde galansoň, kwartiranyň bir otagy enä berildi. Emma bu gelin çagalary bilen şol öýden girip-çykyp bilmeýär. Sebäbi ol kwartirada gelniň öňki gaýyny, öňki adamsy we onuň soňky aýaly ýaşaýar. Günde goh-galmagal, ýeke başyna çagalaryny ekleýän gelniň başga gitmäge ýeri ýok” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi gürrüň berdi.


Çagasyny ýeke ekleýän eneleriň jaý meselesiniň kanun esasynda çözülmeginiň öňünde durýan esasy kynçylyk korrupsiýa diýip, Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.


Onuň tassyklamagyna görä, “Balkanyň ähli etraplarynda oba ýerlerinde 12 sotka, şäher ýerlerinde 6 we 8 sotka ýerler häli-şindi ilata paýlanyp berilýär, ýöne oba ýerlerinde arçynlar 12 sotka mellek ýeri üçin 100 müň manat, şäher ýakalaryndaky 8 sotka mellek üçin 200 müň manat para soraýarlar. Bu para degişli adamlara berilmese, ýetim çagalaryny ýeke ekleýän enelere hem bir garyş ýer berilmeýär.”


Gepleşikde Gazagystanda işleýän türkmen migranty Nasiba Esenowa, "Saglyk” programmasynyň we "Progres" gaznasynyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa bilen geçiren söhbetdeşliklerimiziň dowamyny diňläp, öz pikirleriňizi, tejribeleriňizi paýlaşmagyňyza çagyrýarys.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.