ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Tramp HJK-a sanksiýalar girizmek baradaky karara gol çekdi

0
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Halkara jenaýat kazyýetiniň (HJK) resmilerine Birleşen Ştatlary we Ysraýyly nyşana alýan derňewleri başladandygy üçin sanksiýa girizmek baradaky karara gol çekdi.


Ak tamyň web sahypasynda çap edilen kararda Gaagadaky kazyýetiň “Birleşen Ştatlary we onuň ýakyn ýarany Ysraýyly nyşana alýan “bikanun we esassyz hereketleri edendigi” aýdylýar.


Tramp tarapyndan 6-njy fewralda gol çekilen kararda bu hereketleriň “ABŞ-nyň häzirki we öňki işgärlerine, şol sanda Birleşen Ştatlaryň harby güýçleriniň agzalaryna-da howp salýan howply görelde bolandygy” aýdylýar.


Şeýle-de, resminamada kazyýetiň “Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen öňki goranmak ministri Ýoaw Galanty Gazadaky palestinalylara garşy eden hereketleri üçin tussag etmek barada esassyz karar çykarmak bilen öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanandygy” bellenilýär.




“HJK-niň ABŞ ýa-da Ysraýyl babatynda hiç hili ýuridiksiýasy ýok, sebäbi bu ýurtlaryň hiç biri Rim düzgünnamasyna gatnaşmaýar ýa-da HJK-niň agzasy däl. Bu ýurtlaryň hiç biri hiç wagt HJK-niň ýuridiksiýasyny ykrar etmedi we olaryň ikisi-de uruş kanunlaryny berk berjaý edýän harby güýçler bilen gülläp ösýän demokratiýaly ýurtlar bolup durýar” diýip, Tramp aýtdy.


Bu karara Netanýahu 4-nji fewralda Ak tamda Tramp bilen duşuşandan soň gol goýuldy.


Sanksiýalar HJK-niň resmileriniň, işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň Birleşen Ştatlara girmegini gadagan edýär we olaryň ählisiniň ABŞ-nyň ýuridiksiýasyndaky aktiwleriniň we emläkleriniň doňdurylmagyny göz öňünde tutýar. Bu sanksiýalar kazyýetiň derňewine kömek eden hasaplanýanlara hem degişlidir.


HJK 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Netanýahu we Galant, şeýle-de Ysraýylyň ölendigini aýdýan “Hamas” toparynyň harby başlygy Muhammet Deif üçin tussag etmek barada karar çykardy.


Bu kararyň “azyndan 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli amala aşyrylan uruş jenaýatlary we adamzada garşy jenaýatlar üçin” kabul edilendigi aýdyldy.


ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilen “Hamas” topary 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýyla hüjüm edip, 1200-e golaý adamy, esasanam Ysraýylyň raýatlaryny öldürdi we başga-da ýüzlerçe adamy zamun aldy. Munuň yz ýanynda, Ysraýylyň Hamasy zyýansyzlandyrmaga gönükdirilen soňraky hüjümleri, esasan, Gaza zolagynda on müňlerçe adamyň ölmegine sebäp boldy.


Tramp 2020-nji ýylda özüniň ilkinji administrasiýasy döwründe HJK-niň şol wagtky prokurory Fatou Bensouda we beýleki ýokary wezipeli resmilere we işgärlere maliýe sanksiýalaryny we wiza gadagançylygyny girizdi. Bu çäre Bensouda Owganystandaky ABŞ esgerlerine garşy uruş jenaýatlary baradaky aýyplamalar boýunça derňew başlatmagynyň yz ýanyna gabat gelipdi.


ABŞ-nyň öňki prezidenti Jo Baýden 2021-nji ýylda işe başlan badyna sanksiýalary ýatyrypdy.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.