Tramp, Ysraýylyň premýerini tussag etmek baradaky karary üçin, HJK-ä sanksiýa girizdi
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Halkara jenaýat kazyýetine (HJK) Birleşen Ştatlara we Ysraýyla garşy "bikanun we esassyz hereketleri" üçin sanksiýa girizmek baradaky karara gol çekdi. Bu karar Ak tamyň web sahypasynda çap edildi.
Resminamada kazyýetiň "Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen öňki goranmak ministri Ýoaw Galanty tussag etmek barada esassyz karar çykarmak bilen öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanandygy" aýdylýar.
"HJK-niň ABŞ ýa-da Ysraýyl babatynda hiç hili ýuridiksiýasy ýok, sebäbi bu ýurtlaryň hiç biri Rim düzgünnamasyna gatnaşmaýar ýa-da HJK-niň agzasy däl. Bu ýurtlaryň hiç biri hiç wagt HJK-niň ýuridiksiýasyny ykrar etmedi we olaryň ikisi-de uruş kanunlaryny berk berjaý edýän harby güýçler bilen gülläp ösýän demokratiýaly ýurtlar bolup durýar” diýip, Tramp aýtdy.
ABŞ-nyň sanksiýalary HJK-niň işgärleriniň we agentleriniň, şeýle-de olaryň garyndaşlarynyň aktiwleriniň doňdurylmagyny we giriş gadaganlygyny nazarda tutýar.
HJK 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Netanýahu we Galant üçin tussag etmek barada karar çykardy.
Olar, beýleki resmiler bilen bilelikde, uruş jenaýatyna (açlygy uruş usuly hökmünde ulanmak) we adamzada garşy jenaýata - "adam öldürmäge, yzarlamaga we beýleki adamkärçiliksiz hereketlere" jogapkär bolmakda güman edilýär.