Azerbaýjan Bakuwdaky "Rus öýüniň" işine nägilelik bildirdi
Azerbaýjan häkimiýetleri Russiýanyň "Rossotrudniçestwo" agentliginiň ýurtdaky işiniň togtadylandygy barada Moskwa resmi maglumat iberdi diýip, resmi Baku bilen baglanyşykly habar serişdeleri dördünji gün habar berdi.
Resmi Baku bu habarlary häzirlikçe ne tassyklady, ne-de ret etdi. Emma “Rossotrudniçestwonyň” başlygy Ýewgeniý Primakow bu habary tassyklady.
Ol TASS habar gullugyna azerbaýjan häkimiýetleriniň “Rossotrudniçestwo” wekilhanasynyň ýurtda hasaba alynmagyny hakykatdan hem talap edendigini, sebäbi häzirki wagtda onuň kanuny bellige alynmandygyny aýtdy.
Ol agentligiň Azerbaýjandaky işiniň hasaba alynmazyndan öň bes edilmelidigini ýa-da däldigini aýtmady.
Bakuwdaky "Rossotrudniçestwo" wekilhanasynyň, “Rus öýi” diýlip atlandyrylýan edaranyň Russiýanyň “Nowosti” habar gullugyna aýtmagyna görä, "Rus öýi häzirki wagtda kadaly ýagdaýda işleýär".