Türkmenistan, Gyrgyzystan bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döreder
Gyrgyz telekeçileriniň aprel aýynda Türkmenistana işewürlik saparyna gelmegine garaşylýar.
“Biznes Türkmenistan” neşiriniň resmi metbugata salgylanyp ýazmagyna görä, Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky baş ilçisi Azizbek Madmarow 4-nji fewralda türkmen hökümetiniň başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşyp, Gyrgyz-Türkmen ösüş gaznasyny döretmek meselelerini maslahatlaşdy.
Bu gazna bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine ýardam eder diýip, resmi habarda bellenýär.
Gyrgyz telekeçileriniň Türkmenistana meýilleşdirilýän sapary baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy, bu başlangyç işewürlik gatnaşyklaryny berkitmäge we bazarlardaky mümkinçilikleri öwrenmäge gönükdirilen diýip, BT ýazýar.
Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.