ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Balkanda hususy adwokatlar merkezlerine, çaphanalara raýatlar üçin prezidentiň adyna hatlary ýazyp bermek gadagan edildi

0

Balkan welaýatyndaky hususy adwokatlar merkezlerine, çaphanalara we surathanalara raýatlar üçin prezidentiň we onuň kakasynyň adyna islendik görnüşdäki hatlary ýazyp bermezlik berk tabşyryldy.

Häkimiýetleriň bu ädimi, ilatyň öz arz-şikaýatlaryny, nägileliklerini ýurt ýolbaşçylaryna ýetirmek mümkinçiligini nobatdaky gezek çäklendirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

“Milli howpsuzlyk ministrliginiň welaýatdaky edarasynyň wekilleri hususy eýeçilikdäki adwokatlar merkezlerine, çaphanalara we surathanalara aýlanýarlar. MHM işgärleri olara raýatlar üçin prezident Serdar Berdimuhamedowyň we onuň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna islendik görnüşdäki hatlary ýazyp bermezligi berk tabşyrýarlar” diýip, hususy eýeçilikdäki adwokatlar merkezleriniň biriniň işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Bu hatlaryň arasynda arzalar, haýyşnamalar, talapnamalar we beýleki mazmundaky hatlaryň islendik görnüşi bar. Ady agzalan edaralara bu hatlary çap edip we olaryň nusgasyny çykaryp bermezlik hem berk tabşyrylýar.

“Bu tabşyrygy bozan edaralaryň hususy telekeçilik we adwokatlyk lisenziýalaryndan mahrum ediljekdigi berk duýduryldy. Şeýle-de, bu edaralaryň eýelerinden we işgärlerinden bu tabşyryk barada habarly edilendikleri hakynda düşündirişler hem alyndy” diýip, sebitdäki hususy çaphanalaryň birinde işleýän işgär anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden, şol sanda agzalan edaralaryň resmilerinden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýylyň başyndan girizilen bu çäklendirme, bir tarapdan, hususy eýeçilikdäki adwokatlar merkezleriniň, çaphanalaryň we surathanalaryň gazanç mümkinçiligini azaltdy.

Beýleki tarapdan, we iň möhümi bolsa, ilatyň ýerli häkimiýet tarapyndan çözülmedik meselelerini ýurt ýolbaşçylaryna, prezidente ýetirmek mümkinçiliklerini doly diýen ýaly çäklendirdi.

“Mundan ozal raýatlar el ýazuwynda prezidente arza ýazsalar, ol hatyň awtory Balkan welaýat MHM-si tarapyndan anyklanyp we saklanyp, gynamalara sezewar edilýärdi. Şol sebäpli adamlar arz-şikaýatlaryny el ýazuwynda ýazman, agzalýan merkezlere ýazdyrýardylar. Indi olar bu mümkinçilikden hem mahrum boldular” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Ol halkyň arzyny diňlemäge niýetlenendigi aýdylýan türkmen prezidentiniň portalynyň, elektron poçtasynyň we beýleki Internet messenjerleriniň hem halk üçin elýeterli däldigini belledi.

“Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir! diýen şygarlary öňe sürýän prezident öz halkyndan barha köp daşlaşýar. Internet asyrynda S.Berdimuhammedowyň halkyň arz-şikaýatyny diňlemek mümkinçiliginiň ähli görnüşi bolsa-da, halka Azatlyk Radiosyndan başga arzyny eşitdirip bolýan mümkinçilik galmady” diýip, balkanly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Balkandaky bu waka, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we durmuş gymmatçylygynyň, şeýle-de gaz, suw we elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikleriň arasynda, ilatyň häkimiýetlere nägileliginiň we arz-şikaýatlarynyň artýan mahalyna gabat gelýär.

Soňky ýyllarda bu nägilelikleriň çäginde ýurduň dürli sebitlerinde ýaşaýjylaryň onlarçasy döwlet dükanlaryna hüjüm edip, hökümet edaralaryna protest bilen ýüzlendiler, ilat polisiýa bilen çaknyşdy.

Munuň bilen bir wagtda, bu meseleler sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda hem ýygy-ýygydan gozgalyp, raýat işjeňligi hem ýygjamlaşdy.

Bu aralykda, häkimiýetler raýatlaryň nägileliklerini we arz-şikaýatlaryny kanagatlandyrmagyň deregine, ilata gözegçiligini we basyşlaryny artdyrýar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler we resmi media bu ýagdaýlar barada ilata hiç hili maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.