Pagta möwsüminde ýatyrylan awtobus ugurlary henizem dikeldilmedi - Türkmenabat
Lebap welaýatynyň sebit paýtagtynda geçen pagta möwsüminde ýapylan birnäçe awtobus ugurlary heniz-de açylmaýar. Transport kynçylyklaryny gündelik başdan geçirýän ýerli ýaşaýjylar sowetler döwründe öndürilen köne köpçülik transport serişdeleriniň hususy taraplar tarapyndan guramalaşdyrylýan seýrek gatnawlaryna garaşly galýar.
“Men tas her gün diýen ýaly şäheriň dürli künjeklerine gatnamaly bolýaryn. Her gezekde ýol kireýi 1 manat bolan, köne, SSSR döwründe öndürilen awtobuslaryň ýa-da hususy taksileriň hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolýaryn. Dekabrda pagta möwsümi tamamlanandan soň, awtobuslar şähere dolanar diýip umyt edipdim, emma şol awtobuslar häzirem ýok” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi birmeňzeş aladalary dillendirip, olaryň köpüsi awtobus gatnawlarynyň köpeldilmegi boýunça bildiren umyt-arzuwlarynyň puja çykandygyny aýdýarlar.
Ýatlasak, Türkmenabat şäherinde güýz aýlarynda batlanan pagta ýygym möwsüminiň fonunda käbir awtobus ugurlary ýapylyp, ýerli ýaşaýjylar şonda “döwlet awtobuslarynyň pagta meýdanlaryna ýygymçy daşamaga çekilýändiklerini” aýtdylar.
Türkmenistanda “döwlet, ýa-da hökümet awtobuslary” diýlende welaýat awtoulag önümçilik birleşikleriniň hasabynda durup, transport edaralary tarapyndan bellenen ugurlarda hereket edýän awtobuslar göz öňünde tutulýar. Bu ugurlarda hereket edýän “hususy awtobuslar” bolsa köplenç sowetler döwründe öndürilen “köne awtobuslar” hökmünde tanalýar.
Awtobuslaryň ýol kireýleriniň tölegleriniň arasynda hem iki esse tapawut bar: hususy we köne awtobuslaryň ýol kireýleri 1 manat, hökümet awtobuslary hökmünde tanalýan köpçülik transport serişdeleriniň ýol kireýleri bolsa 50 teňňe.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatynyň transport edarasyndaky çeşmesi hökümet awtobuslarynyň ýetmezçiligini awtobuslaryň sanynyň az bolmagy, olara zerur bolan ätiýaç şaýlarynyň üpjünçiliginiň bes edilmegi hem-de sürüji ýetmezçiligi bilen düşündirýär.
“Döwlet býujetinden bu pudaga maliýe serişdeleri bölünip berilýär, ýöne bize hiç zat gelip gowuşmaýar. Işe kabul edilen sürüjiler awtobuslaryň ätiýaç şaýlaryny öz harajatlarynyň hasabyna satyn almaga mejbur edilýärler. Şonuň üçin olar işde uzak wagtlap saklanyp bilmeýärler” diýip, transport pudagyndaky çeşme aýdýar.
Gündogar sebitde Lebap awtoulag önümçilik birleşiginiň awtobuslary ýolagçylara hyzmat edýär. Türkmen metbugatyna görä, bu birleşik 2024-nji ýylyň dowamynda 22 million 354 müň ýolagça hyzmat edip, 23 million 244 müň manatlyk iş ýerine ýetiripdir.
Ýöne ýerli ýaşaýjylaryň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan transport kynçylyklary türkmen metbugatynyň berýän sanlaryny sorag astyna alýar.
“Awtobuslaryň sany gaty az, olaryň gatnaýan aralyklary hem uzak. Şäher ýaşaýjylary olaryň bardygyny hem duýmaýarlar. Köçelerde göze ilýän awtobuslaryň sany iň köp bolanda iki awtobusdan aňry geçmeýän ýaly bolup görünýär. Her bir awtobusa 7-den gowrak ýolagçy münýär. Netijede, ýolagçylar elmydama biri-birlerine gysylyp durmaly bolýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylar aýdýar.
Döwlet mediasy geçen ýylyň bahar aýlarynda bu welaýata 200 çemesi täze ýolagçy awtobusynyň berlendigini habar berdi. Şonda ýerli metbugat Lebap önümçilik birleşigine her biri 28 ýolagça niýetlenen “Toyota Coaster” kysymly awtobuslaryň 170 sanysynyň, her biri 13 ýolagça niýetlenen “Toyota Hiace” kysymly awtobuslaryň 20 sanysynyň gelip gowşandygyny aýtdy.
Has ozal, bu birleşikde “PAZ-32054” kysymly awtobuslaryň 96 sanysynyň, “Iran Hordo” kysymly awtobuslaryň 52 sanysynyň, “Hyundai New Aero City” kysymly awtobuslaryň 55 sanysynyň şäher içinde ýolagçylara hyzmat edýändigi habar berlipdi.
Resmi metbugat 1 million 400 müň çemesi ilaty bolan sebitde dürli ugurlary boýunça täze awtobus gatnawlarynyň ýola goýlandygyny aýdýar.
Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýeri ýaşaýjylar bu welaýatyň sebit merkezinde awtobus ugurlarynyň az bolandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, Türkmenabat şäheriniň köp sanly awtobus ugurlarynda, şol sanda 1, 2, 5, 7, 7A, 8, 9 we 10 belgili ugurlarda “hökümet awtobuslary” kadaly gatnamaýar.
Türkmenistanda awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň hem-de ýapylmagynyň tertibi prezidentiň karary bilen tassyklanýar.
Şeýle-de, welaýatlara berilýän awtobuslar döwlet mediasynda prezidentiň sowgady hökmünde mahabatlandyrylýar. Galyberse-de, döwlet awtobuslary propaganda guraly hökmünde hem ulanylyp, wagtal-wagtal bu transport serişdeleri döwlet syýasatyny wagyz ediji şygarlar bilen bezelýär.
2024-nji ýylyň dowamynda Lebap welaýaty bilen bir hatarda, Mary, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň her biriniň önümçilik birleşiklerine 200 çemesi awtobus paýlanyp berildi.
Şol bir wagtda, Hytaýdan ýene 700 çemesi “Yutong ZK6128HG” kysymly ýolagçy awtobusyny satyn almak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň transport pudagynda esasan Hytaýda, Eýranda, Günorta Koreýada we Ýaponiýada öndürilen ýolagçy awtobuslary agdyklyk edýär.
Türkmenabatly ýaşaýjylar şäherde köpçülik transport serişdeleriniň ýetmezçiliginiň fonunda sowetler döwründe öndürilen “GAZ-51” kysymly awtobuslarda 1 manat ýol kireý bilen ýol aşmaga çalyşýan mahaly, resmi metbugat transport pudagynda gazanylan ösüşleri mahabatlandyrýar.
Türkmen metbugatynda Lebap awtoulag önümçilik birleşiginiň ýolagçy awtobus gatnawlary boýunça 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada berilýän sanlar dogry bolsa, bu sebitde bir ýylyň dowamynda resmi kurs bilen 6,6 million dollar çemesi, gara bazar boýunça 1,16 million dollar çemesi iş ýerine ýetirilipdir. Bu pula Türkmenistanyň Hytaýdan satyn almagy göz öňünde tutýan “Ýutong” awtobuslarynyň resmi hasap bilen takmynan 34 sanysyny, gara bazar boýunça takmynan alty sanysyny satyn alyp bolýar.
Dürli maglumat çeşmelerine görä, 2024-nji ýylda öndürilen “Yutong ZK6128HG” kysymly şäher awtobuslaryň biriniň bahasy orta hasap bilen tas 190 müň dollara çenli çykyp bilýär. Türkmenistan şolardan 700 sanysyny satyn almagy göz öňünde tutýar. Bahalar şeýle bolanda, bu awtobuslar üçin, orta hasap bilen aýdylanda, 136 million dollar çemesi döwlet serişdesi sarp ediler. Bu sanlar taraplaryň arasynda mümkin bolan gepleşigiň aýratyn şertlerini hasaba goşmaýar.
Şeýle-de, türkmen metbugatynyň sanlary dogry bolsa, bir ýylyň dowamynda her bir lebaply ýaşaýjy azyndan 16 gezek awtobusa münüpdir. Bu sanlar ulusyndan-kiçisine, ulaglysyndan-ulagsyzyna her bir lebaply ýaşaýjyny öz içine alýar.
Türkmen metbugatynda ýolagçy awtobuslary boýunça göz öňünde tutulýan döwlet serişdeleriniň möçberleri agzalmaýar, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary ýitileşýän transport kynçylyklaryndan şikaýat edýär.
Üstesine, sebit merkeziniň möhüm köçeleriniň birinde welaýat häkimligi we prokuratura edarasy ýaly möhüm döwlet edaralarynyň ýerleşýän Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ulag gatnawlary ýygy-ýygydan çäklendirilýär. Ýerli häkimiýetler bu ýagdaýyň mümkin bolan sebäpleri boýunça ýerli ilata düşündiriş bermegi zerur hasaplamaýar.
“Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ençeme ýyllaryň dowamynda köpçülik awtobuslarynyň we marşrtukalaryň gatnawy resmi taýdan gadagan edilýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Şol bir wagtda, maýyplar, pensionerler, okuwçylar we talyplar köpçülik transport serişdeleriniň hyzmatlaryndan peýdalanmak boýunça özlerine hödürlenýän ýeňilliklerden peýdalanyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň köpçülik transport ulgamynyň töwereginde bar bolan meseleler boýunça yzly-yzyna habar berip gelýär.
Bu problemalar boýunça ýerli häkimiýetlerden hem-de transport resmilerinden teswir almak başartmaýar.
Türkmenistanda awtoulag önümçilik birleşikleri “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň garamagynda bolup, bu gulluga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndanky Ulag we aragatnaşyk agentligi gözegçilik edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.