ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Balkanabatda zenanlara sürüjilik resminamalary berlip başlandy

0
Balkan welaýatda 34 ýaşyny dolduran aýal-gyzlara sürüjilik şahadatnamalaryny berip başlandygyny Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri habar berdi. Şeýle-de sürüjilik mekdebi okatmak üçin aýal-gyzlary kabul edip başlapdyr.       


Sürüjilik şahadatnamasyny almak mümkinçiligi 34 ýaşyny dolduran we öň okandygy hakynda haty bolan zenanlar üçin döredilipdir. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, Balkanabatdaky ýeke-täk awtomekdebi zenanlara sürüjilik resminamasyny şu ýylyň başyndan bäri berýär. 


Mundan öň sürüjilik rugsadyny almak üçin ýüz tutýan zenanlaryň ýaşynyň 40-dan geçmegi talap edilýärdi. 


Azatlygyň habarçysy häzirki wagtda sürüjilik şahadatnamalaryny alýan zenanlaryň arasynda mundan birnäçe ýyl ozal awtomekdeplerde okuwyny tamamlan we häzire çenli dokumentini alyp bilmän ýören ýüzlerçe aýal maşgalalar bar.




Şu ýylyň başyndan awtomekdepde okuwa kabul edilýän aýal-gyzlaryň sany hem artdyrylypdyr.


"Her üç aýlyk okuwyň dowamynda birbada 70 zenan kabul edilýär, ýylda üç sapar jemi 210 sany zenan kabul ediler. Ýylyň dowamynda okuwa kabul edilýänlere ýeňillik döredildi" diýip, awtomekdepdäki düzgünden habarly çeşme aýtdy. 


Onuň sözlerine görä, geçen ýylyň dowamynda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin okuwa kabul edilen zenanlaryň sany 30 adama ýetmeýärdi.


 Türkmenistanda zenanlaryň awtoulag sürmegi soňky ýyllarda uly meselä öwrüldi. Ýedi ýyla golaý wagt bäri aýallaryň awtoulag sürmek üçin okamak, sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolmak we möhleti geçen dokumentini täzelemek mümkinçilikleri çäklendirildi.   


Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, para meselesi saklanyp galýar. Zenanlara sürüjilik rugsadynyň berlip başlanmagy soralýan paranyň mukdaryna hem täsir ýetiripdir. 


"Paranyň mukdary hem 1 müň dollara çenli aşaklady. Geçen ýyllarda para zenanlardan 5 müň amerikan dollaryndan ýokardady" diýip, ýene bir çeşme aýdýar. 


Sürüjilik şahadatnamasyny almaga köpden bäri synanyşýan balkanly zenanlar özleri üçin dörän mümkinçilikleri amatly hasaplaýarlar we hatda para bermäge-de taýýardygyny aýdýarlar.       


"Meni ýol polisiýasynyň hereket synagy geçýän ýerine çagyrdylar we synagdan üstünlik bilen geçendigimi aýtdylar. Menden 1 müň dollar bermegimi soradylar. Ilki men gorkupdym 3-5 müň dollar sorarlar öýdüp, emma 1 müň soradylar we men begenip berdim" diýi, balkanly zenan gürrüň berdi.


Ol para bermegiň başga ýurda gidip, sürüjilik şahadatnamasyny almakdan has arzan düşýändigini aýtdy.


"Meselem, Gazagystana 6 aýlyk wiza alyp gazak awtomekdebinde sürüjilik şahadatnamasyny almakçydym. Eger daşary ýurtlardan okap prawa alsak has gymmat bolýar. Myhmanhanalara tölemeli, wiza almaly, ýol çykdaýjylar we beýleki harajatlar bilen 2,5 müň dollar gerek bolýar. Goňşy ýurtda sürüjilik şahadatnamasy üçin töleg o diýen gymmat däl, bolup bilse 100 dollar, ýöne beýleki çykdaýjylar köp" diýip, zenan aýdýar. 


Türkmen polisiýasy 2017-nji ýylda zenanlaryň sürüjilik dokumentlerini eden-etdilikli ellerinden alyp başlady, soňra zenanlara sürüjilik dokumentini bermekden ýüz öwürdi.




2022-nji ýylda aýallara sürüjilik resminamasy çäkli görnüşde berlip başlandy, emma 2023-nji ýylyň başyndan bäri aýal-gyzlaryň sürüjilik mekdeplerine kabul edilmegi çäklendirildi, aýallaryň ýaşynyň 41-den ýokary bolmagy talap edildi. Şeýle-de, zenanlardan nika hakyndaky şahadatnama we iş ýerinde häsiýetnama talap edildi.


Ýurtda kanunda kepil geçilýän gender deňliginiň doly berjaý edilýändigini öňe sürýän türkmen resmileri zenanlaryň awtoulag sürmek mümkinçiliginiň çäklendirilýändigini 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ilkinji gezek resmi derejede agzadylar. 


BMG-nyň Ženewada geçiren uniwersal döwürleýin synynyň 44-nji mejlisinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew bu mesele barada hasabat berip, ýurtda hiç bir ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köpsanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp, şol döwürde aýallaryň ulag sürmek ukybynyň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy. Emma bu resmi jogap ýurtda aýal sürüjiler babatyndaky çäklendirmeleriň saklanyp galmagynyň sebäplerini doly aýdyňlaşdyrmady.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.