ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Balkanabadyň inçekeseller hassahanasynda medisina serişdeleri, dermanlar ýetmezçilik edýär

0
Balkanabat şäherindäki inçekeseller hassahanasynda medisina serişdeleri ýiti ýetmezçilik edýär. Bu ýetmezçilik, näsaglaryň wagtyndan ir ölmegine getirýär diýip, lukmançylyk edarasynyň birnäçesi saglyk işgäri aýdýar.


Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan saglyk işgärleri hassahanada näsaglar üçin zerur bolan iň esasy dermanlaryň hem tapdyrmaýandygyny belleýärler.


“Zerur dermanlaryň aglabasy indi üç aýa golaý wagt bäri hassahana gelmeýär. Dermanlaryň ýetmezçiligi sebäpli, soňky bir aýyň dowamynda inçekeseli bolan hassalaryň ölümi hem, geçen aýlar bilen deňeşdirilende köpeldi” diýip, saglyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Onuň tassyklamagyna görä, inçekeselli näsaglaryň saglyk bejergisi üçin zerur bolan dermanlaryň aglabasy doly döwlet gözegçiligi astynda saklanýar. Olaryň hususy dermanhanalarda satylmagyna rugsat berilmeýär.


“Şol sebäpli dermanlar welaýatdaky hususy dermanhanalarda hem tapdyrmaýar” diýip, saglyk işgäri belledi.


Saglyk işgärleri näsaglaryň öýken keselini doňduryp, kadada saklamaga kömek edýän dermanlaryň üpjün edilmegi barada ýerli saglyk resmilerine edýän çagyryşlarynyň, hatda şikaýatlarynyň netije bermeýändigini aýdýarlar.


“Mümkinçiligi bolan käbir näsaglar paýtagt Aşgabada gidip, şol ýerde bejergi alýar. Ýöne näsaglaryň ählisinde beýle mümkinçilik ýok” diýip, saglyk işgärleriniň ýene biri anonimlik şertinde belledi.


Hassahanada bir wagtyň özünde 500 sany näsaga ýatymlaýyn bejergi bermek mümkinçiligi bar. Üç bölümden ybarat hassahanada näsaglar agyr ýokançly, orta derejeli we täze kabul edilen hassalar toparlaryna bölünýär.


“Hassahanada 80-e golaý lukman, şepagat uýasy we arassaçylyk işgäri zähmet çekýär. Bu işgärler hem indi bir ýyldan bäri arassaçylyk we ýokanç keseliň ýaýramazlygy üçin zerur bolan hlor we antiseptik serişdeleriň ýetmezçiliginden ejir çekýärler” diýip, hassahananyň ýene bir saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Mundan başga-da, saglyk işgärleri hassahanany tagtabitiň basandygyny, bularyň näsaglaryň endamyny eleme-deşik edip, ganyny içýändigini aýdýarlar.


“Hassahananyň hojalyk işleri boýunça orunbasarynyň welaýatyň sanitariýa edarasyna tagtabite garşy awy sorap edýän arzalaryny kanagatlandyrmaýarlar. Biz bu tagtabiti öýlerime çenli ýokaşdyrdyk” diýip, saglyk işgäri belledi.




Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalýan hassahanadan, welaýatyň Saglygy goraýyş bölüminden teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 3-nji fewralda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.


Şeýle-de, Balkan welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklarymyz hem oňyn netije bermedi.


Türkmenistanda täze lukmançylyk edaralarynyň işe girizilýändigini, raýatlaryň saglygyny halkara ölçeglere laýyklykda bejermek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdýan türkmen hökümeti ýurduň “saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny" ýygy-ýygydan tekrarlaýar.


Muňa garamazdan, ýurduň saglyk edaralarynyň köpüsinde zerur medisina enjamlarynyň, lukmançylyk serişdeleriniň we dermanlaryň ýetmezçiligi ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Bular barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.


Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda we ýokanç keseller hassahanasynda kislorod balonlarynyň ýetmezçilik edýändigi, köp näsagyň olary öz hasabyna satyn almaly bolýandygy barada habarçymyz 24-nji ýanwarda maglumat berdi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.