ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça äşgär edilen sanlar ýurtdaky demografik meýillerden habar berýär

0
Türkmenistanda geçirilen soňky ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça jikme-jik sanlaryň aýan edilmegi bilen, ilatyň demografik aýratynlyklary boýunça käbir meýiller äşgär bolýar. Ýerli synçylar täze jikme-jikliklere salgylanyp, soňky ýyllaryň dowamynda ýurt boýunça çaga dogluş derejesiniň azalandygyny aýdýarlar.


Türkmenistanda 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Ilat sanyny 7 milliondan gowrak adam hökmünde yglan eden ýazuw boýunça jikme-jik sanlar iki ýyl ozal bada-bat mälim edilmedi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi web sahypasyna ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça soňundan ýerleşdirilen jikme-jik sanlar ýurtdaky käbir demografik meýillerden habar berýär.  




Azatlyk Radiosynyň ýerli synçysy, magaryf işgäri soňundan äşgär edilen käbir sanlara nazar aýlap, statistiki maglumatlary ýormaga çalyşdy.


Resmi sanlar görä, Türkmenistanda 2022-nji ýylda alty ýaşda 1-nji synpa baran çagalaryň sany 164 müň 593 adam. Bu sanlardan çen tutulsa, 2016-njy ýylda Türkmenistanda 164 müň çemesi çaga doglupdyr. Şeýle-de, ilat ýazuwyndan mälim bolşuna görä, 2022-nji ýylda mekdebe çenli çagalar edaralaryna ýazylan bir ýaşly çagalaryň sany 122 müň 886 adam hökmünde görkezilýär.


Bu sanlary seljeren türkmenistanly magaryf işgäri hasabata salgylanyp, ýurtda 2021-nji ýylda doglan çagalaryň sanynyň 2016-njy ýylda doglan çagalaryň sanyndan ‘az bolandygyny çaklamaga esas bar’ diýýär.


Maglumat üçin aýdylsa, ilat ýazuwynyň netijeleri bäş ýaşa çenli mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan çagalaryň sanyny görkezýär. Hasabatda ýurtdaky çaga dogluş derejesi boýunça resmi sanlar äşgär edilmeýär.


Ýatlasak, türkmen mediasy 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň sanyny ilkibaşda 76 müň 600 çaga hökmünde habar berip, soňra bu sany 153 müň diýip üýtgedipdi.


Bu sanlar nazarda tutulanda hem, 2023-nji ýylda okuwa kabul edilen çagalaryň sany 2022-nji ýyldaky sanlar bilen deňeşdirilende takmynan 10 müň çemesi azalypdyr.


Soňky ýyllarda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ýerli mugallymlar hem mekdeplerde birinji synpa okuwa kabul edilýän çagalaryň sanynyň ýyl-ýyldan azalýandygyny aýdýarlar.


“Öňler okuwçylar birinji synpa kabul edilende A, B, Ç we D synplaryny açmaly bolýardyk, ýöne soňky ýyllarda diňe A we B synplaryny, käbir mekdeplerde diňe Ç synpyna çenli açyp oňmaly bolýarys” diýip, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndan bolan bir mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Ýerli synçy ýazuw netijelerine laýyklykda, ilat sanynyň 7 million töwereginde yglan edilmeginiň ilat arasynda sorag döredendigini aýdýar.




Azatlyk Radiosy Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edýän demografiýa krizisi barada yzygiderli habar berip gelýär. 2019-njy ýylda döwlet statistika ulgamyndaky çeşmeler 2008-2018-njy ýyllar aralygynda 1 million 900 müň çemesi türkmenistanlynyň hemişelik ýa-da uzak möhletli esasda ýurdy terk edendigini habar berdiler. Ýurtda dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklaryň arasynda emigrasiýa meýilleri soňky ýyllarda hem dowam etdi.


Ýatlasak, 2023-nji ýylda Balkan we Mary welaýatlarynda 1-nji synpa kabul edilen okuwçylaryň sany bir ýyl öňküsinden 50 göterim çemesi az boldy.


Bu ýagdaý mugallymlaryň iş sagatlarynyň kemeldilmegi, şeýlelikde olaryň zähmet haklarynyň azalmak ähtimallygy boýunça käbir aldalara ýol açypdy.


“Iň gyzykly ýeri, resmi sanlarda çagalaryň sanynyň birden kemelmegi hut 2016-njy ýyldan soň doglan çagalaryň statistikasynda aýan bolýar. Bilşimiz ýaly, ýaşaýjylaryň, bilermenleriň we garaşsyz medianyň habar bermegine görä, ýurtdaky durmuş-ykdysady krizis hut 2016-njy ýyldan başlap, 2017-2022-nji ýyllar aralygynda agyrlaşdy” diýip, ýerli synçy aýdýar.


“Türkmen režiminiň bu derejede “hakykata ýakyn” sanlary köpçülige ýetirmeginiň arkasynda ýurtda bar bolan çökgünligi indi inkär edip bilmezlik ýatyr” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, ýurduň ilat sany 7 million 57 müň 841 adam bolup, olaryň göni 50 göterimini erkekler, 50 göterimini bolsa aýal-gyzlar emele getirýär.


Türkmen hökümetiniň berýän resmi statistikalary halkara guramalary tarapyndan ygtybarsyz hasap edilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.