Maryda fewralyň sowugynda guramaçylykly bag ekildi we TW üçin ýazgy edildi
Türkmenistanda gyş paslynyň dowam edýändigine garamazdan, bag ekişlik dabaralary geçirilýär. Mary welaýatynda 1-nji fewralda geçirilen dabara döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin wideo düşürildi. Ýerli häkimiýetleriň guramalaşdyran bu çäresine gatnaşmaga mejbur bolan ýaşaýjylar ýene-de dynç gününden mahrum edildi we maddy goşant goşmaga boýun boldy.
Mary welaýatynda bag ekmek boýunça çäreler 1-nji fewralda ähli okuw jaýlarynda we edara-kärhanalarynda geçirilipdir.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary şäherinde ýerleşýän mekdeplerde, liseýlerde okuwçylaryň we işgärleriň gatnaşmagyndaky bag ekmek çäresini döwlet telewideniýesiniň ýazgy edendigini gürrüň berdi. Bu çäreleriň haçan görkeziljegini guramaçylar gatnaşyjylara düşündirmändir.
"Býujet işgärlerini ýörite ýygnap, Aşgabat-Mary uly ýoluň ugrunda her bir edara bölünip berlen ýerlerde agaç ekdirdiler" diýip, maryly çeşme 2-nji fewralda habar berdi.
Aýazly howada doň topraga ýaş nahallary oturdyp, agaçlaryň sowuk urmak töwekgelçiligine sezewar edilmegine garamazdan, bu bag ekişligiň geçirilmeginiň sebäbi nämälim galýar.
Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň häkimiýet wekillerinden resmi görnüşde düşündiriş alyp bilmedi.
Ýerli çeşmeler çäräniň esasy maksadynyň telewideniýe üçin reportaž taýýarlamak bilen baglydygyny gürrüň berdiler. "Çäre telewideniýe tarapynda wideo düşürmek üçin geçirildi" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.
Başga bir çeşme bag ekmegiň diňe bahana bolandygyny, çäräniň hakyky sebäbiniň ýerli häkimiýetleriň "býujetniklerden pul çöplemek" niýeti bilen baglydygyny bellediler.
Maryda bag ekmek üçin häzirki wagtda ýerli ilatyň dürli gatlaklaryndan pul toplanýar.
Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, studentlerden bag üçin diýlip, 20 manatdan pul ýygnalypdyr. Býujet işgärlerinden nahal satyn almak üçin talap edilýän puluň mukdary 20-30 manat aralygynda.
Maryda bag ekmek çäresine ilatdan maddy goşant talap etmek işleriniň çäginde mekdep okuwçylaryndan hem pul soralýar. Şäheriň orta mekdeplerinde her bir okuwçydan 10 manat getirip, tabşyrmak soralýar.
Agaç ekmek we nahal satyn almak üçin ilatdan pul ýygnamak boýunça işler oba ýerlerinde hem geçirilýär. Bu ýerde ilatdan talap edilýän maddy goşandyň mukdary şähere garanda azyrak.
"Oba mekdeplerinde okuwçylardan ekmek üçin nahal getirmek ýa-da 5 manat pul tabşyrmak soralýar" diýip, etraplaryň birindäki çeşme gürrüň berdi.
Oba ýerlerinde mekdep okuwçylaryň ene-atalary öz hojalygyndaky baglardan nahal bermek bilen çykalga tapýarlar.
"Köp ene-ata gapysynda ösüp duran kiçi baglaryny köwüp berdiler. Okuwçylar tarapyndan eltilen baglaryň köp bölegi ekilmän galdy" diýip, maryly oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan maryly ýaşaýjylar resmileriň bag ekiş kampaniýasyndan we ilatdan pul toplamak tejribesinden nägiledigini aýtdylar. Olar ýyllarboýy ekilýän agaçlaryň we toplanýan maddy serişdeleriň boş sarp edilýändigini, agaçlaryň gurap galýandygyny bellediler.
"Her ýyl şol bir ýere müňläp agaç ekilyär we oňa indiki ýyla çenli ideg edilmeýär, suw berilmeýär" diýip, maryly çeşme aýdýar.
Türkmenistanda agaç ekmek boýunça ählihalk dabarasy adatça ýylda iki gezek, baharda we güýzde geçirilýär. Türkmen mediasy ýylda millionlarça düýp täze agajyň oturdylýandygyny ýyllar boýy habar berip gelýär.
Türkmen hökümeti bag ekişligi daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäre hökmünde mahabatlandyrýarka, ekilýän baglar idegsizlikden gurap galýar.
Geçen ýyl Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekiş möwsümi mart aýynda geçirilipdi. Şonda häkimiýetleriň ählihalk bag ekmek çäresine niýetläp, býujet işgärlerinden talap eden maddy goşandynyň mukdary 100 manata ýetipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.