ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Marko Rubio USAID-iň wagtlaýyn dolandyryjysy boldy

0
Döwlet sekretary Marko Rubio ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) ýerine ýetiriji dolandyryjysy wezipesine bellendi diýip, "Amerikanyň sesiniň" rus gullugy habar berdi.


"USAID uzak wagtdan bäri başdaky wezipesinden, daşary ýurtlarda Amerikanyň bähbitlerini jogapkärçilikli öňe sürmekden daşlaşdy we indi USAID maliýeleşdirmeleriniň ep-esli böleginiň ABŞ-nyň esasy milli bähbitlerine laýyk gelmeýändigi bütinleýin düşnükli boldy" diýip, Döwlet departamentiniň 3-nji fewraldaky beýanatynda aýdylýar.


San Salwadora sapar edýän döwlet sekretary Marko Rubio bu agentligi "düýbünden netijesiz" diýip atlandyrdy we onuň işgärlerini programmalar barada berlen "ýönekeý soraglara hem jogap bermek islemezlikde" aýyplady.


Elon Mask 3-nji fewralda USAID-iň “dikeldilmäge degişli däldigini” we Trampyň agentligiň ýapylmagyna razy bolandygyny aýtdy.