Türkmenabatda syrkaw studentler aýazly howada çärä çekildi
Türkmenabatly ýaşlar nobatdaky köpçülikleýin çärä çekildi. Student ýaşlar şäheriň merkezindäki "Ak Öýüň" öňünde geçirilen dabara mejbury häsiýetde gatnaşdyrylyp, uzak wagtlap sowuk howada boldular.
Türkmenabatda aýazly howada mejbury çärä gatnaşdyrylan studentleriň arasynda çäreden soň syrkawlan köp boldy.
Türkmenabat şäheriniň “Ak Öýüniň” öňündäki meýdançada 31-nji ýanwarda geçirilen köpçülik çäresi ýylyň resmi şygaryna bagyşlanypdyr.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan lebaply çeşmeleriň sözlerine görä, dabara welaýat häkimligi guramaçylyk edipdir. Gatnaşyjylaryň köpüsi Türkmenabadyň ýokary okuw jaýy-döwlet mugallymçylyk institutynda bilim alýan ýaşlar.
“Welaýat häkimligi tarapyndan 'Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly' mynasybetli çäre guramalaşdyryldy. Şol gün günortan howanyň temperaturasy -4 gradus sowuk bolsa-da, çärä gatnaşan talyplar ellerinde uly baýdakly, şarly durdylar. Çärede aýdym-sazly ýasama dabarany döretmek üçin şäheriň medeniýet işgärleri getirildi. Degişli çäräniň geçirilmegi hakynda Aşgabatdan buýruk berildi” diýip, dabaranyň guramaçylaryna ýakyn çeşme gürrüň berdi.
2025-nji ýyl Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip, yglan edildi. Döwlet şygary ýylda üýtgeýär. Ýurt ilaty resmi çärelere gatnaşmakdan başga-da, döwlet şygarlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy üçin maddy goşant goşmaga, şygarlar ýazylan plakatlary we beýleki çap görnüşli maglumatlary satyn almaga mejbur edilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan studentler çäräniň geçişi barada gürrüň berip, özleriniň örän kösenendigini aýtdylar.
“Meniň kellämde diňe tahýa bardy. Daş töweregimiz açyk meýdan bolanlygy sebäpli, sowuk şemal hem öwüsýärdi. Sowukdan ýaňa gulaklarym gyzardy. Hiç bolman-da ellik geýmäge rugsat berdiler, ýogsa baýdagyň tutgujyny sowukdan ýaňa tutar ýaly däldi. Çäräni gurnaýjylar bolsa, bizden ýasama şowhun döretmek üçin baýdaklary, gülleri galgatmaga mejbur edýärdiler” diýip, çärä gatnaşan student aýdýar.
Türkmenabatly çeşmeler guramaçylaryň tabşyrygynyň ýaşlar tarapyndan berjaý edilişine berk gözegçilik edilendigini bellediler. Olaryň sözlerine görä, ses edip, alkyş aýdylmaly pursatlarda mugallymlar we guramaçylar studentlere üns bilen syn edip, gygyryp alkyş aýtmadyklara döwlet syýasatyna "garşy çykmak" hökmünde çemeleşipdir.
“Ählimiz meňzeş egin eşikde, bizi sudur hökmünde ulandylar. Çäräniň soňunda Berdimuhamedowlara hor bolup alkyş sözlerini aýtdyrdylar. Sowukdan ýaňa gürlemek kyndy" diýip, student gürrüň berdi.
Çeşmeleriň ýene biri häkimiýetler tarapyndan gurnalýan çäreleri, Demirgazyk Koreýanyň diktatorynyň şahsyýet kultyny mahabatlandyrmak üçin geçirilýän çäreler bilen deňeşdirdi we olary YouTube-de görendigini belledi.
"Bu maňa Demirgazyk Koreýada ýolbaşçynyň şahsyýet kultuny mahabatlandyrmak çärelerini ýada saldy. Youtube-de gören wideo ýadyma düşdi” diýip, çäräniň geçişine şaýat bolan türkmenabatly çeşme gürrüň berdi.
Sowuk howada ençeme wagtlap ýuka köýnekli duran ýaşlaryň arasynda syrkawlan köp. Emma öňden syrkaw studentleriň çärä gitmäge mejbur edilmegi bilen bagly ýagdaýlar hem boldy.
“Meniň tanyşym, syrkaw bolanlygy sebäpli, çärä gitmezlik üçin rugsat almakçy boldy. Administrasiýa ony ÝOJ-yň lukmanynyň ýanyna ugratdy. Lukman sprawka ýazyp bermegi üçin, ondan 100 manat para sorapdyr. Ondan soň ol mejbury ýagdaýda çärä çykmaly bolupdyr. Çäreden soň men hem syrkawladym, sebäbi sowuga çydar ýaly däldi. Meniň ýaly syrkawlanlar ähli fakultetde bar” diýip, student gürrüň berdi.
Türkmenistanda köpçülikleýin çäreler yzly-yzyna geçirilýär. Döwlet baýramçylyklarynda, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalarynda, şeýle-de täze gurlan binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralarynda häkimiýetleriň guramaçylygynda uly märeke toplanýar we oňa studentler, mekdep okuwçylary we býujet işgärleri gatnaşmaga mejbur edilýär. Gatnaşmakdan boýun gaçyranlara işden we okuwdan kowulmak haýbaty atylýar.
Ýaňy-ýakynda welaýatlarda prezidentiň kitabyny mahabatlandyrmak boýunça çäreler hem geçirildi. 2024-nji ýylda "Magtymguly Pyragynyň pähim paýhas ummany" şygar astynda geçirilen çäreler barada habar berýän bu kitaby satyn almaga ilat mejbur edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.