ru24.pro
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Aşgabada gelýän welaýat ýaşaýjylaryna gözegçilik ýene güýçlendi

0
Aşgabadyň häkimiýetleri welaýatdan paýtagta gelýän raýatlara gözegçiligini ýene güýçlendirdiler. Häzirki wagtda saglyk bejergisi üçin paýtagta gelýän welaýat ýaşaýjylary hem saklanyp, olara jerime salynýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.


“Ýakynda aýalymyň saglygyna seretdirmek üçin Ahal welaýatyndan Aşgabada gelip, tanyşlarymyzyň öýüne geldik. Aýalym Saparmyrat Nyýazow adyndaky hassahana gatnap, saglyk bejergisini alyp başlandan dört gün soň, tanşymyzyň jaýynyň golaýynda gezelenç edýärkäk, bizi polisiýa işgärleri saklap, nireden gelendigimizi, nirede bolýandygymyzy, näçe gün bäri paýtagtdadygymyzy we ýazgyda durup-durmandygymyzy soradylar” diýip, ahally ýaşaýjy ýaňy-ýakynda başdan geçiren ýagdaýlaryny anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Onuň tassyklamagyna görä, ol aýalynyň hassahana gatnap, saglyk bejergisini alýandygyny, özleriniň paýtagta gysga wagtlyk gelendiklerini we ýazgyda durmalydygyny bilmeýändiklerini aýdanda, polisiýa işgärleri olary polisiýanyň golaýdaky daýanç bekedine alyp gidipdir.




“Ol ýerde polisiýa işgärleri biziň pasportlarymyzy elimizden aldylar. Olar bize ‘prezidentiň karary bar, ýaşaýan salgyňy terk edeniňden soň, baran ýeriňde üç günden artyk galjak bolsaň, onda wagtlaýyn ýazgyda durmaly’ diýdiler. Raýatlaryň nirede we näme iş bilen meşgullanýandygyndan ýerli polisiýa bölüminiň degişli işgärleri habarly bolmaly diýdiler” diýip, ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.


Azatlykda bu wakanyň nirede we haçan bolandygy, ahally ýaşaýjylaryň anyk nireden gelendigi barada we olaryň şahsyýetlerini anyklaýan beýleki maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli bulary köpçülige ýetirmekden saklanýar.


Ýaşaýjynyň sözlerine görä, şondan soňra polisiýa işgärleri olaryň her birinden 51 manat, jemi 102 manat möçberindäki jerimäni tölemegi talap etdiler.


“Biz Halkbankyň golaýdaky şahamçasyna jerimäni töläp gelenimizden soň, polisiýa pasportymyzy yzyna berdi” diýip, ahally ýaşaýjy belledi.


Bellesek, Türkmenistanyň kanunçylygynda saglyk bejergisi ýa-da gezelenç üçin welaýatlardan paýtagta gelýän ýurt raýatlarynyň üç günden soň wagtlaýyn ýazgyda durmalydygyny talap edýän haýsydyr bir kanun göze ilmeýär.


Habarçymyz bu talabyň, hususan-da, soňky hepdelerde güýçlenendigini, ýöne polisiýa işgärleriniň bu barada haýsydyr bir resminama görkezmeýändigini belleýär.


“Bu talap esasan hassahanalara gatnap bejergi alýan welaýat ýaşaýjylaryny köseýär. Bu ýaşaýjylar hassahanada ýatyp bejergi almaga maddy mümkinçiligi bolmansoň, tanyşlarynyň öýünde galyp, hassahana gatnap bejergi alýarlar. Ýöne bejerginiň bu görnüşi näresmi bolup, näsaga hassahana tarapyndan kepilnama berilmeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Şol bir wagtda, ol ýerli lukmanyň ýollanmasy esasynda paýtagtyň hassahanalarynda bejergi alýan näsaglara ýörite kepilnamanyň berilýändigini, olar polisiýa tarapyndan saklananda mesele çykmaýandygyny hem belledi.




“Ýurtda dilden girizilýän talaplar ilkinji nobatda garyp halky köseýär. Dünýäde öz raýatlarynyň paýtagtda üç günden köp galmagyny resmileşdirmegi talap edýän başga ýurt barmyka?” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.


Habarçymyz paýtagtda wagtlaýyn ýazgyda durmak meselesiniň örän çylşyrymlydygy sebäpli, köp raýatyň muny amal etmek mümkinçiliginiň örän çäklidigini aýdýar.


“Myhman kabul edýän öýüň eýesi öýünde boljak myhmanyň golaý garyndaşydygyny subut edýän resminamany tabşyrmaly. Ýöne bu köplenç başartmaýar. Sebäbi türkmençilikde her kimiň obadaky tanyşlary ýa-da obadaşy hem haýyş edip, hiç hili garyndaşlyk aragatnaşygy bolmasa-da, paýtagtdaky tanşynyň öýünde galyp bilýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.


Habarçymyz şu günler polisiýa işgärleriniň otly we uçar menzillerinde hem nobatçylyk çekip, welaýatlardan gelýän ýaşaýjylaryň yzyna gaýtmak üçin niýetlenen biletlerini barlamagy bilen bagly wakalaryň hem köpelendigini aýdýar.


“Paýtagtyň köçelerinde hem polisiýa işgärleri welaýat ýaşaýjysy bolmakda güman edilýän raýatlary saklap, olaryň resminamalaryny barlaýarlar. Welaýat ýaşaýjylarynda paýtagta geleninden üç gün soň yzyna gaýtmagy üçin niýetlenen uçar ýa-da otly biledi bolmasa, olar ýazgyda hem durmadyk bolsa, olara jerime salynýar” diýip, ýagdaýlardan habarly polisiýa işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Onuň tassyklamagyna görä, paýtagtda näresmi görnüşde işleýän welaýat ýaşaýjylarynyň käbirleri polisiýa işgärlerine 300-400 manat para berip, jerime tölemekden we öz ýaşaýan sebitlerine ugradylmakdan “halas bolýarlar”.


Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň Polisiýa müdirliginden we şäher häkimliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Türkmenistanda welaýatlardan paýtagta gelip zähmet çekýän içerki migrantlara, hususy ulagynda kireý edýän sürüjilere we beýleki maksatlar üçin Aşgabada gelýän ýurt raýatlaryna gözegçilik wagtal-wagtal güýçlendirilýär.


Häkimiýetler munuň sebäbini aç-açan düşündirmeýärler. Resmi media hem bu barada dymýar.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.