Rus häkimiýetleri pilotsyz uçarlaryň Wolgograda hüjüm edendigini aýdýar
Wolgogradyň ýaşaýjylary 3-nji fewrala geçilýän gije şäherde partlama sesleriniň eşidilendigini, pilotsyz uçarlaryň zarba urandygyny aýtdylar diýip, rus telegram kanallary ýazýar.
Bu “Lukoil” kompaniýasynyň eýeçiligindäki ýerli nebit zawodyna hüjüm etmek synanyşygy bolup biler, pidalar barada maglumat ýok diýip, habarda bellenýär.
Wolgogradyň ýaşaýjylary howa goranyşynyň işlän wagtynda azyndan 50 partlamanyň bolandygyny sanadylar diýip, Russiýanyň “Baza” we “Shot” telegram kanallary ýazýar.
“Bazanyň” habaryna görä, pilotsyz uçarlaryň ählisi diýen ýaly ýerli nebiti gaýtadan işleýän zawodyň golaýynda uruldy.
Wolgogradyň gubernatory Andreý Boçarow biraz soň howa goragy güýçleriniň "uçar görnüşli pilotsyz uçarlaryň Wolgograd sebitiniň çägine eden köpçülikleýin hüjümini yzyna serpikdirendigini” tassyklady.