Rus hüjümleri Herson sebitinde bir adamyň ölümine, 13 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy
Rus goşunynyň Herson sebitinde eden hüjümleri netijesinde bir adam ölüp, azyndan 13 adam ýaralandy.
Harby administrasiýa soňky 24 sagadyň dowamynda berlen maglumatlara salgylanyp, ölenleriň arasynda iki sany çaganyň hem bardygyny aýtdy.
Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, rus goşuny Herson sebitindäki möhüm we sosial infrastruktura, ýaşaýyş ýerlerine zarba urdy. 24 sagadyň dowamynda dört sany köp gatly bina we 21 sany hususy jaýa zyýan ýetdi.
Sebit harby administrasiýasynyň başlygy Aleksandr Prokudin biraz öň pilotsyz uçaryň Hersondaky mikroawtobusa hüjüm edendigini habar berdi. Bäş adam, şol sanda 12 ýaşly oglan we 13 ýaşly gyz ýaralandy.
Şeýle-de, Prokudin Hersonyň merkezindäki ýaşaýyş jaýyna edilen hüjümiň netijelerini görkezýän wideony çap etdi. Onda ýumrulan jaý we ot alyn maşyn görünýär.
Sebit başlygynyň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylaryň iki sanysy ýaralandy, olaryň birini harabalygyň aşagyndan çykardylar.