ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Türkmen ministrligi ýene 32 desganyň satylýandygyny aýdýar

0
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 32 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini yglan etdi.


“Biznes Türkmenistan” hususylaşdyrmaga degişli döwlet emläkleriniň sanawynyň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilendigini, bäsleşikli söwdanyň 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiriljekdiginihabar berýär.


Bäsleşikli söwda çykaryljak iri desgalaryň arasynda Lebap sebitiniň Berzen geňeşliginiň Hendekli obasynda ýerleşýän, meýdany 3 müň 967 inedördül metr bolan kerpiç zawody, şu sebitdäki “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi (8 800 inedördül metr) we iki gatly bina, Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6400 inedördül metr) hem bar.


Türkmen metbugaty bu emläkleriň satylýandygyny geçen ýyl hem azyndan üç gezek habar beripdi.


Ýerli telekeçileriň we öň ýurtda biznes bilen meşgullanan raýatlaryň birnäçesiniň aýry-aýrylykda aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda döwlet eýeçiliginde özüni ödemedik kärhanalary, desgalary satyn alyp, girdeji gazanmak üçin örän gowy ‘arkaň’ ýa-da ‘süýregiň’ bolmaly.


Azatlygyň söhbetdeşleri ýurtda telekeçiler üçin döredilýän emeli kynçylyklaryň we çuň kök uran parahorlugyň iş ýerlerini döretjek telekeçileriň ellerini işden sowadýandygyny, adamlary barha kän maşgalasyndan aýrylyp, zähmet migrasiýasyna çykamaga mejbur edýändigini aýdýarlar.