Türkmenistanyň prezidenti ABŞ-nyň prezidentine gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa ýurduň Waşington şäheriniň Ronald Reýgan howa menziliniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet baştutany şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
ABŞ-nyň Federal awiasiýa dolandyryş gullugynyň (FAA) deslapky hasabatynda aýdylmagyna görä, heläkçilik bolan güni Waşingtonyň Ronald Reýgan adyndaky halkara howa menzilinde howa hereketini dolandyryjylaryň ýeterlik bolmandygy anyklandy.
"The New York Times" gazetiniň maglumatyna görä, iş wagtynda dispetçerleriň sany "günüň wagty we gatnaw mukdary göz öňünde tutulanda adaty däldi".