ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Türkiýede alkogoldan ölen özbek raýatlarynyň sany 23-e ýetdi

0
Türkiýede bikanun ýagdaýda öndürilen spirtli içgilerden ölen özbek raýatlarynyň sany 30-njy ýanwara çenli, iki aýal bilen birlikde, 23 adama ýetdi diýip, Özbegistanyň Stambuldaky baş konsullygy habar berdi.


Mundan öň, 17-nji ýanwara çenli, özbek raýatlarynyň 17 sanysynyň heläk bolandygy aýdylypdy.


Diplomatik missiýa, Daşary işler ministrligi we Daşarky zähmet migrasiýasy gullugy bilen bilelikde, pida bolanlaryň ählisiniň jesetleriniň watanyna eltmegine konsullyk, hukuk we guramaçylyk kömegini berdi diýip, beýanatda aýdylýar.


Şeýle-de, ejir çekenleriň käbiriniň bejergiden soň keselhanalardan boşadylandygy, beýlekileriň zerur bolan lukmançylyk kömegini almagyny dowam etdirýändigi habar berilýär.


Türkiýede alkogol bilen zäherlenenleriň köpüsiniň Türkmenistandan we Özbegistandan bolandygy habar berlipdi.