Potomak derýasyndan heläkçilige uçran uçaryň gara gutulary tapyldy
NYT uçar heläkçiligi wagtynda howa hereketini dolandyryjylaryň ýetmezçilik edendigini habar berdi.
“Amerikan Howaýollarynyň” 29-njy ýanwar agşamy Waşingtonyň howa menziliniň golaýynda harby dikuçar bilen çakyşan ýolagçy uçarynyň uçuş maglumatlarynyň ýazgysy we ses ýazgysy tapyldy diýip, ABC News çeşmä salgylanyp habar berdi.
Gara gutular ABŞ-daky awiasiýa hadysalaryny derňeýän Milli transport howpsuzlyk geňeşine iberildi. Transport howpsuzlygy geňeşi ýazgylaryň edaranyň laboratoriýasyna gowşurylandygyny tassyklady.
Bu aralykda, ABŞ-nyň Federal awiasiýa dolandyryş gullugynyň (FAA) deslapky hasabatynda aýdylmagyna görä, heläkçilik bolan güni Waşingtonyň Ronald Reýgan adyndaky halkara howa menzilinde howa hereketini dolandyryjylaryň ýeterlik bolmandygy anyklandy.
"The New York Times" gazetiniň maglumatyna görä, iş wagtynda dispetçerleriň sany "günüň wagty we gatnaw mukdary göz öňünde tutulanda adaty däldi".
Şol bir wagtda, howa menziliniň golaýyndaky dikuçarlaryň hereketine jogap berýän dispetçer uçar ekipažlaryna uçuş we gonmak görkezmelerini beripdir.
Düzgün booýunça, bu bir adamyň etmeli işi däl.
NYT-nyň habaryna görä, harby dikuçar bolmalysyndan ýokary uçandygy sebäpli ýolagçy uçary bilen çakyşypdyr.