Özbegistan Daşkent mekdeplerindäki inçekesel näsaglygyny tassyklaýar
Özbegistanyň Saglyk ministrligi 24-nji ýanwarda Daşkentdäki 59-njy mekdebiň 11-nji synpynda okaýan gyzyň inçekesel bilen keselländigini habar berdi.
Näsag gyz çagalaryň Daşkentde ýerleşýän inçekesel hassahanasyna ýerleşdirildi. Habarda paýtagtyň ýene iki mekdebinde inçekesel bilen kesellän näsaglaryň ýüze çykarylmak ähtimallygynyň bardygy duýdurylýar.
Mundan öň sosial ulgamlarda paýtagtyň orta mekdepleriniň birinde inçekesel bilen kesellän okuwçy barada maglumatlar peýda bolupdy.
Ministrligiň maglumatyna görä, gyza (BK +), inçekesel diagnozy goýuldy. Ol geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Daşkent şäherindäki inçekesel dispanserine ýüz tutupdyr.
27-nji dekabrda dispanser öýde näsag gyz bilen aragatnaşykda bolan alty adamyň, şol sanda alty ýaşa çenli iki çaganyň rentgen barlagyny geçirdi. Olara işjeň inçekesel diagnozy goýulmady.
59-njy orta mekdebiň okuwçylary we mugallymlary, şeýle-de gyzyň goşmaça sapaklara gatnaşan hususy mekdebiniň okuwçylary hem barlagdan geçirildi.