ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Býujetçilerden abuna ýazylan gazet-žurnallaryny hojalyk maksatlary üçin ulanmajagy hakda dilhaty alynýar

0
Balkan welaýatynyň howpsuzlyk gulluklary býujet işgärlerinden abuna ýazylan gazet-žurnallarynda prezidentiň we onuň kakasynyň suratlary bolan sahypalary hojalyk maksatlary üçin ulanmajagy hakda dilhaty alýarlar.


Bu waka, ýurt raýatlarynyň köpüsiniň gazet-žurnallaryň mazmunynyň “garypdygyny” aýdyp, olary hojalyk maksatlary, şol sanda hajathana kagyzy hökmünde ulanýandygy barada yzygiderli gelip gowşan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.


“Balkanabat şäherindäki bilim, saglyk we polisiýa işgärlerine 2025-nji ýyl üçin ýazylan kagyz görnüşli gazetleri paýlanyp başlandy. Munuň bilen bir wagtda, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) sebitdäki edarasynyň işgärleri özlerine degişli pudaklara aýlanyp, gazet-žurnallaryň kagyz görnüşine abuna ýazylan býujet işgärlerinden dilhaty alyp başladylar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Dilhatyň mazmunynda býujet işgärleri “gazet-žurnallarda prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Gubanguly Berdimuhamedowyň suraty bolan sahypalary gözleriniň göreji ýaly gorap, onuň ýyrtylmagyna, hapalanmagyna ýol bermejegine, el süpürilýän ýa-da nahar tabak aşagyna goýmak maksadynda ulanmajagyna” wada berýärler.


“Men bu sahypalary hajathanalarda ulanmajagyma, çörek daşyna dolap hapalamajagyma, ot ýakmak tutaşdyrmak maksadynda peýdalanmajagyma we daşary ýurtlara syýahata gidenimde ýanym bilen alyp gitmejegime ynandyrýaryn. Eger bu aýdylanlara garşy çyksam, onda öz arzam bilen işden boşadylmaga razy” diýlip, dilhatda nygtalýar.


Bellesek, mundan ozalky ýyllarda Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary býujet işgärleriniň tas ählisiniň gazet-žurnallary okamaýandygyny we olary dürli hojalyk maksatlary üçin ulanýandygyny ençeme gezek habar berdiler.


Olaryň arasynda gazet-žurnallaryň sahypalaryny hajathana kagyzy hökmünde ulanmak, gyş paslynda aýakgabyň içini gury saklamak we peçlerde ot ýakmak ýaly maksatlar bar.


Şu günler edara-kärhanalara aýlanýan howpsuzlyk işgärleri şu ýyldan başlap gazet-žurnallaryň her bir sahypasynda “QR” kodlaryň goýlandygyna hem ünsi çekýärler.


Olar bu kodlar arkaly özleriniň şol sahypanyň haýsy býujet işgärine degişlidigini tiz wagtda anyklap biljekdiklerini we onuň eýesine garşy berk çäre görüljekdigini hem duýdurýarlar.


“Şu ýyldan başlap gazet-žurnallaryň ähli sahypasynda goýlan mikro möhür görnüşindäki QR kodlar arkaly ýerde, zibilde ýa-da hajathanada tapylan gazet-žurnallaryň, hususan-da, olaryň Berdimuhamedowlaryň suratlary bolan sahypalarynyň haýsy işgäre degişlidiginiň anyklanjakdygy berk duýdurylýar” diýip, balkanly ýene bir býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.




Azatlyk gazet-žurnallaryň sahypalarynda ýörite QR kodlardan peýdalanylýandygyny ýa peýdalanylmaýandygyny häzirlikçe tassyklap bilmedi.


Sebitdäki habarçymyz täze talap bilen baglanyşykly sebitiň metjitlerinde wagyz-nesihat işleriniň hem geçirilip başlanandygyny, adamlara “gazet-žurnallarda Berdimuhamedowlaryň suratlary bolan sahypalary aýamagyň” tabşyrylýandygyny belleýär.


“Býujet edaralarynda hem ýygnaklar geçirilip, işgärler bilen düşündiriş işleri alnyp barylýar. Welaýatyň poçta hünärmenlerinden hem, bu talaplar barada abunaçylara her gezek gazet paýlan wagty dilden duýdurmak talap edilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly býujet işgäri aýtdy.


Täze talap, edara-kärhanalaryň işgärleriniň aglabasynyň arasynda alada döredýär. Býujetçileriň ençemesiniň tassyklamagyna görä, howpsuzlyk işgärleri könelen gazet-žurnallary näme etmelidigi baradaky soraglara anyk jogap bermeýärler.




“Indi öýde çagalara gazet-žurnallary elletmek hem gorkuly boldy. Ýaş çagalar prezidentiň suratyn ýyrtsa, ýa hapalasa, ýa-da köçede bir ýere oklasa işden kowulmak howpy bar. Iň dogrusy elektron abuna ýazylmak bolaýmasa” diýip, býujet işgäri belledi.


Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada 22-nji ýanwarda sebitiň häkimiýetlerinden, şol sanda welaýat häkimliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Türkmen häkimiýetleri indi onlarça ýyl bäri edara-kärhanalaryň işgärlerini, ýokary we orta hünär mekdepleriň talyplaryny we okuwçylaryny, şeýle-de, mekdep okuwçylaryny hökümetiň garamagyndaky gazet-žurnallara abuna ýazylmaga mejbur edýärler.


Raýatlar olaryň mazmunynyň “garypdygyny”, olarda esasan türkmen hökümetiniň alyp barýan syýasatynyň we Berdimuhamedowlaryň propagandasynyň edilýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.


Bu aralykda, şu günler abuna ýazylmak talabynyň güýçlenendigi barada Aşgabatdaky habarçymyz maglumat berýär. Býujet işgärlerinden beýleki gazet-žurnallar bilen bir hatarda, “Makul” gazetine ýazylmak talap edilýär.


“Häzir bu gazete paýtagtyň we Ahal welaýatynyň orta mekdepleriniň mugallymlary, jemagat hojalygynyň işgärleri, ýurduň ýeňil senagat pudagyna degişli tekstil fabrikleriniň we agyzsuw üpjünçilik kärhanalarynyň işgärleri mejbury abuna ýazylýarlar. Işgärler öz iş ornuny ýitirmezlik üçin tölenýän 1200-1300 manat aýlyk hakyndan her aýda 15 manadyny gazetiň tölegine geçirmeli bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.