Welaýat okuwçylaryna halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmak mümkinçiligi çäklendirilýär
Ylmyň we bilimiň ösüşine ygrarlydygyny buýsanç bilen yglan edýän Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmagynda deňsizligiň bardygyny we welaýatlardaky mekdepleriň okuwçylarynyň öz zehinini görkezmek üçin mümkinçilikleriň çäklendirilýändigini bilim işgärleri aýdýarlar. Azatlygyň habarçysy Lebap welaýatyndaky ýagdaýy öwrendi.
Lebap welaýatynyň okuwçylary himiýa boýunça halkara Mendeleýew olimpiadasy ýa-da takyk we tebigy ylymlar boýunça her ýyl geçirilýän halkara olimpiadalary ýaly abraýly halkara bäsdeşliklerine gatnaşjak bolanda yzygiderli kynçylyklara duçar bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply bilim işgärleriniň birnäçesi gürrüň berdi.
"Biziň okuwçylarymyza elmydama ýol ýok. Her ýyl göz üçin beýleki welaýatlaryň birinden bir ýa-da iki sany okuwçyny halkara olimpiadalaryna gatnaşdyrýarlar, emma halkara bäsleşiklerde Türkmenistanyň toparynyň düzümindäki okuwçylaryň köpüsi Aşgabatly gurply maşgalalaryň çagalary bolup, diňe daşary ýurda syýahat etmek üçin goşulýarlar we olaryň aglabasy diňe Aşgabadyň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylary," diýip, Lebap welaýatynyň bilim edaralarynyň birindäki çeşme aýdýar.
"Bilime deň elýeterlilik yglan edilen maksatlara ters gelýän we Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen mekdep okuwçylaryna artykmaçlyklar berilýän aç-açan deňsizlik bar," diýip, Lebap welaýatynyň ýene bir bilim wekili belledi.
Türkmenistanyň hökümeti bilimiň we ylmy üstünlikleriň ähmiýetini işjeň wagyz edýär. Döwlet media serişdelerinde zehinli mekdep okuwçylaryny goldamak üçin dürli çäreleriň, konferensiýalaryň we ýaryşlaryň yzygiderli guramalaşdyrylýandygy yzygiderli habar berilýär.
Emma bilim wekilleri hakykat ýüzünde deňsizlikden şikaýat edýän çagalaryň we mugallymlaryň köpdügini, bilim sistemasyndaky çäreleriň ençemesiniň "göz üçin" edilýändigini aýdýarlar.
Lebaply bilim wekilleriniň sözlerine görä, döwlet derejesinde geçirilýän "Altyn asyryň altyn zehinlileri" atly ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň ýeňijisi bolan çagalar paýtagtly däl-de beýleki welaýatlaryň okuwçylary bolan ýagdaýynda, olar köplenç halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmaly toparyň düzümine goşulmandyr.
Bilim wekilleri takyk we tebigy derslerden geçirilen bäsleşiklerde ýüze çykan anyk ýagdaýlaryň birnäçesini gürrüň berdiler. Azatlyk Radiosy okuwçylaryň we çeşmeleriň howpsuzlyk aladalary sebäpli jikme-jik maglumatlary bermekden saklanýar.
Azatlyk Radiosy anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan bilim resmilerinden saýlama tapgyrlarynyň nähili geçirilýändigi hakynda gürrüň bermegi sorady.
"Baş bilim müdirligi birnäçe gün öňünden welaýatyň diňe takyk we tebigy ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen mekdeplerine habar berip, 41-nji mekdebe çagyrýar. Soňky ýyllarda okuwçylaryň eline berilýän ýumuşlar diňe iňlis dilinde bolanlygy sebäpli, okuwçylaryň köpüsi gelmeýär. Emma daşary ýurtda geçirilýän ders bäsleşikleriniň ýumuşlary biziň okuwçylarymyzyň bilýän rus we türk dillerinde hem düzülýär. Arasynda iňlis dilini we öz dersini suwara bilýän okuwçylar hem bu sanawa düşüp bilmeýärler. Ýumuşlar ýerine ýetirilip, elektron poçta arkaly Aşgabada ugradylýar we ýeňijileri yglan etmekde aşgabatly mugallymlaryň päk niýetliligine umyt baglanylýar" diýip, türkmenabatly bilim resmisi gürrüň berdi.
Halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmak üçin geçirilýän saýlama tapgyrlary Lebaply okuwçylar üçin her ýyl 41-nji mekdepde geçirilýär.
Lebaply bilim işgärleriniň sözlerine görä, welaýatly zehinli çagalar üçin bäsdeşlige mümkinçilikler "Altyn asyryň altyn zehinlileri" ýaly döwlet bäsleşikligi bilen tamamlanýar. Sebäbi welaýatly ýeňijiler takyk we tebigy ugurlardan geçirilýän halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp bilmeýär, üstesine olara hatda ÝOJ-na girmäge-de ýeňillik döredilmeýär.
"‘Altyn asyryň altyn zehinlileri’ diýip atlandyrylýan döwlet bäsleşikleriniň ýeňijileri näme etmeli? Bu bäsleşigiň onda näme manysy bar? Jemleýji tapgyryň ýeňijilerine hatda Türkmenistanyň ÝOJ-na girmekde hem ýeňillik döredilmeýär" diýip, bilim işgäri aýdýar.
Azatlyk Radidosy Lebabyň baş bilim müdirliginden we 41-nji mekdebiň wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi.
Lebap welaýatynyň häkimliginiň resmi web sahypasynda 2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda ýerleşdirilen habaryna görä, türkmenistanly mekdep okuwçylary Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Bat şäherinde geçirilen 65-nji halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Halkara matematika olimpiadasyna dünýäniň 109 döwletinden, şol sanda Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň 609-sy gatnaşypdyr. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň adyndan 6 okuwçy wekilçilik edip, olaryň 4-si Aşgabadyň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylary we 2-si Daşoguz welaýatynyň okuwçylary bolupdyr.
Türkmenabatly okuwçylar we bilim işgärleri reformalara we aç-açanlyk hem deňlik ýaly şertleriň berjaý edilmegine zerurlyk bar diýip, hasap edýärler.
"Halkara olimpiadalaryna gatnaşyjylary saýlamak üçin aç-açan we adalatly ölçegleri girizmek hem-de garaşsyz komissiýa döretmek gerek. Welaýatlarda zehinli okuwçylary goldamak üçin bilim merkezlerini we maksatnamalary döretmeli. Bu, paýtagt we sebit mekdepleriniň arasyndaky okuw derejesindäki tapawudy kesgitlemäge kömek eder. Döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri hökmany suratda halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmaga awtomatiki hukukly bolmaly" diýip, türkmenabatly bilim işgäri öz nukdaý nazaryny mälim etdi.
Türkmenistanyň bilim sistemasyndaky problemalar resmi derejede gozgalmaýar. Häkimiýetler paýtagtdaky we welaýat merkezlerindäki güýçli hasaplanýan mekdeplere çagany salmak bilen bagly parahorluk, etrap we oba mekdeplerinde mugallym ýetmezçiligi ýaly agyr problemalary agzamaýar.
Şeýle-de, çagalaryň okuwa derek çärelere gatnaşdyrylmagy, mugallymlaryň hem çärelere, oba hojalyk we arassaçylyk işlerine yzygiderli çekilmegi okuwçylaryň kadaly bilim almagyna mümkinçilik bermeýär.
Problemalary gozgamaýan türkmen metbugaty bilim temasyndan mekdep okuwçylarynyň milli we halkara bäsdeşliklerinde ýeňiş gazanýandygy barada maglumatlar çap etmek bilen çäklenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.