ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Maryda ýokary wezipeli emeldaryň gelmegine garaşylýar we arassaçylyk işleri geçirilýär

0

Mary welaýatynda arassaçylyk işlerine bat berildi. Ýerli häkimiýetleriň görkezmesi boýunça welaýatyň birnäçe böleginde köçeleri ýuwmak, bazarlaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň töwerek daşyny tämizlemek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Marydaky çeşmeleriň Azatlyga beren maglumatlaryna görä, ýokary derejeli ýolbaşçylaryň welaýata sapar etmegine garaşylýar.

Şu günler uly taýýarlyklar Mary şäherinde we Baýramaly etrabynda göze ilýär.

Marydaky taýýarlyklara gatnaşýan çeşme "Aşgabatdan ýokary wezipeli emeldaryň gelmegine garaşyp, arassaçylyk işlerini geçirýärler" diýip, bu taýýarlyklary düşündirdi. Bu welaýata kimiň sapar etjegini anyklap bolmady.

Adatça welaýatlarda gyssagly arassaçylyk we howpsuzlyk çäreleri prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da onuň kakasy Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparlarynyň öňüsyrasyna gabat gelýär. Emma olaryň Mara sapar etjegi barada döwlet mediasynda habar bolmandy.

Mary welaýatynyň administratiw merkezinde birden gyssagly başlanan arassaçylyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

"Marynyň öňki köne bazarynyň ýerinde gurnalan köpgatly jaýlaryň töweregine asfalt düşelip, täze Kuweýt obasyna çenli zeýkeşleriň haşal otlary çapylyp aýrylýar" diýip, ýerli çeşme şäherdäki taýýarlyklar barada gürrüň berdi.

Şäherde zibil dökülýän ýerlere hem aýratyn üns berilýär. Hapa taşlanýan çelekler adaty bolmadyk görnüşde düýpli arassalanýar.

"Zibil dökülýän ýerlerde el bilen otlary çapyp, yzyny syryp arassalaýarlar. Obýezdnoý ýoluň ugrunda Murgap derýasynyň gyrasynda gurnalan köpgatly jaýlaryň töwereginde hem arassaçylyk işleri geçirilip, bu ýere täze asfalt düşelýär. Şeýle taýýarlyk işleri golaýda gurlan beýleki desgalaryň hem daş-töwereginde geçirilýär" diýip, çeşme aýdýar.

Soňky aýlarda Azatlygyň Marydaky habarçylary şäheriň birnäçe böleginde we etraplaryň ençemesinde hapa taşlamak üçin niýetlenen ýerleriň asla göz öňünde tutulmandygyny we ilatyň hojalyk zyňyndylaryny çem gelen ýere taşlamaly bolýandygyny, käbirleriň çöle äkidip gömýändigini habar beripdi. Şeýle-de, zibil taşlanýan gapyrjaklaryň bar ýerlerinde olaryň wagtynda arassalanmaýandygy habar berlipdi.

Mary şäherindäki häzirki arassaçylyk işlerine öý dolandyryş müdirlikleriň işgärleri, jemagat gulluklarynyň işgärleri we şäheriň gurluşyk işgärleri gatnaşdyrylýar.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň merkezinde hem arassaçylyk işleri bat alýar. Bu ýerde hem köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň töwerek-daşy timarlanýar. Ilkinji nobatda arassaçylyk işleri täze gurlan köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň töwereklerinde göze ilýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýerli çemeler ýaşaýyş jaýlaryň, ilkinji nobatda täze gurlan binalaryň töwerek-daşynyň timarlanmagynyň sebäbini düşündirip, paýtagtdan gelmegine garaşylýan ýolbaşçylaryň täze gurlan desgalary barlajakdygyny aýdýarlar.

"Paýtagtdan gelmeli ýokary wezipeli emeldar soňky täze gurlan desgalary synlamakçy" diýip, Marydaky taýýarlyk işlerine gatnaşýan çeşme aýtdy.

Maryly ýaşaýjylar sebäbi düşündirilmezden birden başlanýan şeýle taýýarlyklara öwrenişendiklerini, emma ýyllarboýy gyssagly geçirilýän ýüzleý abatlaýyş we arassaçylyk çäreleriniň şäher infrastrukturasynyň kämilleşmegine goşant goşmaýandygyny aýdýarlar.

"Oba ýerlerinde köçe galmady. Ony synlamaga gelýän ýok. Biz her gün ellerimize pil alyp ot çapýarys, käbirimiz kraska çalyp, boýag işlerini edýäris, peýdasy ýok. Häzir islendik bir oba ýerine girip, awtoulagda geçip görse kem bolmazdy. Çagalar sähel ýagyn ýagsa mekdebe gidip bilmeýärler. Oba ýerlerinde iň bolmanda asfalt düşemeselerem, daşly çagyl guýsalar, biz şoňa-da razy. Hassalarymyz ýaramasa biz oba ýerinde tiz kömek gullugyndan peýdalanyp bilmeýäris, sebäbi girmäne köçe ýok. Awtoulag batga batýar we soň uly ýük ulagyny, traktor tutup çekip çykarmaly bolýarys. Gaýta çagyrsak, özümize azar bolýar, oba ýerleriniň köçelerine seredýän emeldar ýok" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ýurduň dürli böleklerine yzly-yzyna edýän iş saparlary barada öňünden resmi habar berilmeýär. Döwlet mediasy saparlaryň geçirilmeginden soň habar berýär. Adatça prezidentiň ýa-da onuň kakasynyň planlaşdyrýan sapary we barjak ýeri barada şol ýerde gyssagly başlanýan arassaçylyk işlerinden we howpsuzlyk çärelerinden aňsa bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.