ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Aşgabatda öýlere çekilen WiFi Internet aragatnaşygynyň hili ýaramazlaşdy

0
Aşgabadyň köp etrapçasynda ilat öýlere çekilen WiFi Internet aragatnaşygynyň hilinden nägile bolýar. Bu aralykda, Balkan welaýatynyň käbir obalaryna öýlerde WiFi Internet hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän öý telefon liniýalary çekilip başlandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 22-nji ýanwarda paýtagtdan we Balkandan maglumat berdiler.


“Şu ýylyň başyndan bäri öýlere çekilen WiFi Internet aragatnaşygynyň tizligi örän peseldi. Ulanyjylar Türkmenistanda rugsat berlen saýtlary açyp, olardan peýdalanmak üçin juda köp wagt sarp etmeli bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


WiFi Internet aragatnaşygynyň tizliginiň örän haýallygy sebäpli, köp websaýtlary asla açyp bolmaýar. Raýatlar degişli websaýtlary açyp, gerekli bukjalary we forumlary doldurmakçy bolanlarynda, olaryň ýarysyny dolduranlarynda, doňup galýandygyny, netijede, zerur bolan işlerini bitirip bilmeýändiklerini belleýärler.




“Ulanyjylar mobil telefonlaryny ýa-da planşetlerini öçürip ýakyp, ähli işlerini birnäçe gezek gaýtadan amal etmeli bolýarlar. Käbir emosianal ulanyjylaryň arasynda bu prosesden ýadap, işini bitirip bilmän, WiFi Internet aragatnaşygynyň tizliginiň ýaramazlygyna bolan gaharyny hususy telefonlaryndan çykarýanlar hem bolýar. Olar gaharlaryna telefonlaryny, planşetlerini ýere urup, kül-peýekun edýärler” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Ýaşaýjylaryň ençemesi bu barada “Aşgabat şäher telefon ulgamyna” (AŞTU) yzygiderli edýän şikaýatlarynyň netijesiniň ýokdugyny aýdýar. AŞTU ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti paýtagtyň çäklerinde hojalyklary WiFi ulgamy arkaly öý Interneti bilen üpjün edýän ýeke-täk kärhanadyr.


“Seni diňleýän adam ýok. Hiç ýerde sözüň geçenok. Türkmenistanda hiç bir ugurdan öňe gidişlik ýok, gaýtam yza tesişlik bar. Geçen 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2025-nji ýylyň başyndan bäri WiFi hyzmatynyň hili has gowulanmagyň deregine, gaýtam pese düşdi” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.


Azatlygyň 22-nji ýanwarda AŞTU-nyň websaýtynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, bu ýagdaýlar barada teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Paýtagtda WiFi Internet aragatnaşygynyň hiliniň ýaramazlaşmagy, 1-nji ýanwardan başlap şäherde ilatyň WiFi hyzmatynyň üpjünçiliginiň bir hepdä golaý kesilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.


Bu aralykda, Balkandaky habarçymyz Balkanabat şäheriniň 20 kilometre çenli uzaklygyndaky käbir obalara öý telefon liniýalarynyň çekilip başlanandygyny habar berýär.




Bu liniýalar ilata öýlerinde WiFi Internet hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ýöne ol ýaşaýjylaryň bu hyzmatdan peýdalanmak üçin degişli resmilere para bermäge mejbur bolýandygyny belleýär.


“Welaýatda öýlere WiFi Internet aragatnaşygyny çekmek üçin para bermek tejribesi ýyllarboýy dowam edýär. Ýöne bellemeli ýeri, soňky ýyllarda bu paranyň möçberi tapgyrlaýyn esasda ep-esli arzanlady” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, mysal üçin, häzir Jebel ýaşaýyş toplumyndaky hojalyklar öýlerine WiFi Internet aragatnaşygyny çekdirmek üçin 1200 manat para bermeli bolýarlar.


“Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe bu serişde alty esse ýokary bolup, 7 müň manada barabardy” diýip, ýaşaýjy belledi.


Ol öýlere çekilýän WiFi Internet aragatnaşygynyň tizliginiň juda pesligini, ýöne munuň bahasynyň “TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyryň” hödürleýän mobil Internetiniň nyrhyndan has arzanlygy sebäpli, oňa ilat arasynda uly isleg bildirilýändigini hem nygtady.


Türkmen häkimiýetleri ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär. Halkara barlaglarda ýurtda ilata hödürlenilýän Internet aragatnaşygynyň tizliginiň örän pes galýandygy, bahasynyň aşa ýokarydygy aýdylýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.